Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan düýn Bagdatda Yragyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy diýip, Anadolu neşiri habar berdi.

Gepleşikler Yragyň Prezidentiniň Bagdat köşgünde metbugat üçin ýapyk görnüşde geçdi.

Ärdoganyň sapary wagtynda wekilçilikli toparyň düzüminde ýurduň DIM-niň, IIM-niň, Milli Goranmak Ministrliginiň ýolbaşçylary Hakan Fidan, Ali Ýerlikaýa, Ýaşar Gýuler, Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Akif Çagataý Kylyç we beýlekiler boldy.

Bu Türkiýäniň Prezidentiniň Yraga 13 ýylyň içinde ilkinji resmi saparydyr.

Türkiýäniň Akşam gazeti Rejep Taýyp Ärdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň çakylygy boýunça 9-njy maýda Waşingtona resmi sapar bilen barjakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye we Yrak suw işleri boýunça hyzmatdaşlygyny giňelderler
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Yrak döwletine sapar gurady