Ispaniýanyň Barselona şäherinde “Integrated Systems Europe 2022” atly çäre geçirildi.Bu çärede “Samsung” kompaniýasy ululygy 220 dýuýmlyk “microLED” ekranyny tanyşdyrdy. “The Wall” we “The Wall All-in-One” atly ekranlar dürli maksatlar bilen ulanylar.
Koreý brendi bu ekrany özüniň işläp taýýarlan elektroulaglara zarýad beriji terminalynda oturdypdyr. “Samsung Electronics” Ekran önümçiligi bölüminiň işgäri Hýesun Hanyň aýtmagyna görä, “microLED” tehnologiýasy otelçilik we syýahatçylyk pudaklarynyň geljegi üçin ähmiýetli bolar.
Ekranlaryň durulygy 4K we 8K bolan, ululygy 110 dýuýmdan 220 dýuýma çenli bolan dürli ululykdaky birnäçe görnüşi bar.Ekranlar ýüzündäki suraty ýokary durulykda hödürlemek üçin emeli intellektden peýdalanýar. “Samsung” bu ekranlar üçin sargyt kabul edilip başlanandygyny mälim etdi.
Enejan Garajaýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby