Äpet buz döwüler

Grenlandiýada we Antarktidada gury ýeriň suw bilen tapyşýan ýerindäki äpet buz bölekleri gopup, uly aýsbergleri emele getirýär.Suwuň akymynyň bu buz böleklerini yssy howaly we ýyly suwly ýerlere äkitmegi netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan ereýär.

Möwsümiň çalyşmagy bilen adalaryň buz bilen örtülen meýdany ulalyp-kiçelýär.Emma has seýrek ýagdaýda has uly buz bölegi hem döwülip, ummana akyp gidýär. “Nature Geoscience” atly žurnalda çap edilen ylmy makala görä, Antarktikanyň günbatarynda has uly buzlugyň bölünjek bolup durandygy mälim edildi. “Thwaites” atly bu buzlugyň “barmagynyň ujy bilen gury ýerden tutup durandygy” aýdyldy. Äpet buzlugyň geljek bir-iki ýylyň dowamynda yklymdan aýryljakdygy çaklanylýar.Bu barada geçirilen barlaga gatnaşan Alasteýr Graýam bu buzlugyň ýagdaýynyň geçen asyryň ortasyndan bäri öwrenilýändigini, soňky on ýylyň dowamynda onuň has köp üýtgeşmäni başdan geçirendigini mälim etdi.

Buzlugyň ululygynyň ABŞ-nyň Florida ştaty ýalyrakdygy mälim edilýär.

Derýa Derýaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Dünýäniň iň gurak hem iň suwly ýeri
Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Dünýäniň iň uly ýük ulagy
Türkmen Lideri Daşoguzda "Türkmeniň ak öýi" binasyny açyp, ulanmaga berdi