Änewde Röwşen haryt nyşanynyň täze dükany gapylaryny açdy

Änewde Röwşen haryt nyşanynyň täze dükany gapylaryny açdy

Türkmen sarp edijileriniň arasynda meşhur bolan Röwşen aýakgap haryt nyşany bütin ýurt boýunça hususy dükanlar ulgamyny giňeltmegini dowam edýär. Aşgabadyň golaýyndaky Änew şäherinde haryt nyşanynyň önümleriniň ähli görnüşleri hödürlenýän nobatdaky Röwşen dükany açyldy.

Änew şäheriniň, şeýle hem şäher etegindäki obasynyň Gämi we Aşgabadyň ýaşaýjylary dükanda ähli möwsümler we durmuş wakalary üçin niýetlenen erkek, zenan we çaga aýakgaplaryny satyn alyp bilerler.Täze dükanda nusgawy erkek aýakgaplary, aýallaryň gaýyk şekilli köwüşleri we üsti açyk aýakgaplar (bosonožkalar), çaga aýakgaplary, tomus çepekleri, şeýle hem sliponlar, sport aýakgaplary (krossowkalar) we ýeňil aýakgaplar hödürlenýär.

Röwşeniň ähli nusgalary ýokary hilli tebigy deriden taýýarlanýar, olar rahatlygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Şeýle hem dükanda dürli deriden taýýarlanan dürli görnüşli esbaplar jalbar guşaklary, ýantorbalar, gapjyklar, wizit kartoçkalary üçin daşlyklar hödürlenýär.

Haryt nyşanynyň dizaýnerleriniň nusgalarda nusgawy we sport stiline ähmiýet bermekleri netijesinde Röwşen aýakgaplaryny islendik eşik erkek we zenan ofis lybaslary, zenanlaryň milli köýnekleri, mekdep we talyp lybaslary, ýaşlaryň sport eşikleri bilen iň oňat sazlaşygy emele getirýär.

Täze Röwşen dükany alyjylara şu salgyda garaşýar: Änew, Gämi köç., jaý 1/2, Nurana söwda merkezi.

Telefonlar: (+993 61) 55 01 00, (+993 65) 27 41 67.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Röwşen aýakgaplary Gurban baýramy mynasybetli 10% arzanladyş yglan edýär
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Röwşen aýakgaplary täze okuw ýyly üçin ýörite aksiýa yglan edýär
Änewdäki Röwşen aýakgaplary dükany: aýakgaplaryň we aksessuarlaryň giň saýlawy
Röwşen aýakgaplarynda tomusky arzanladyş: 150 manatdan başlaýan bahalardan tutuş maşgala üçin aýakgaplar
Röwşen aýakgaplary indi Berkarar we Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerindäki Maraton dükanlarynda hödürlenýär
2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 100 milliondan geçer