Ahal welaýatynyň häkimiýetleri Änew şäherinde itleri zäherläp tutmak, soňra-da taýaklap ýa-da bogup öldürmek çärelerini ýene güýçlendirdiler. Bu çäre sosial ulgamlarda onlarça ulanyjynyň itleriň köpçülikleýin öldürilýändigini aýdyp, "wagşyçylygyň" bes edilmegine çagyrmagyna getirdi.
"Häkimligiň işgärleri, şol sanda jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri diňe köçedäki öýsüz-öwzarsyz itleri däl, eýse raýatlaryň howlusyndaky, şeýle-de gezelenç etmek üçin köçä çykarylan itleri hem ýok edýärler. Olar howludaky itlere zäherlenen çörek ýa-da et, towuk hödürläp, aldawa salyp, öz ýanlaryna çagyrýarlar. Şondan soňra olary tutup, taýaklap ýa-da bogup öldürýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Änewli bir ýaşaýjynyň habarçymyza aýtmagyna görä, ol itini gezelenç etdirmek üçin köçä çykaranda, jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri onuň itini alyp ilki bogdular, soňra-da agyr taýaklar bilen urdylar.
"Ol prokuratura arza ýazmaga taýýarlanýar" diýip, habarçymyz belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler. Bu çäreler häkimligiň we jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tarapyndan ýurduň dürli künjeginde wagtal-wagtal amal edilýär.
Änewde itleri öldürmek bilen bagly nobatdaky çäreler geçen hepdäniň dowamynda güýçlendirildi. Bu çäreler sosial ulgamlarda onlarça ulanyjynyň itleriň köpçülikleýin öldürilýändigini aýdyp, "wagşyçylygyň" bes edilmegine çagyrmagyna getirdi.
Hususan-da, IMO messenjerinde paýlaşylan maglumatlarda mämişe reňkdäki uly ulaglarda gelen işgärleriň itleri taýaklap urýan we bogýan pursatlaryny görse bolýar. Şeýle-de, olarda gyrgynçylygy amala aşyrýandygy aýdylýan işgärleriň suratlary hem-de atlary äşgär edilýär.
"Haýyş, bu maglumatlary tizde-tiz ýaýradyň. Geliň, dostlarymyzy goralyň! Haýwanlary düýpgöter arassalamak çäreleri dowam edýär. Haýyş, haýwanlaryňyzy özbaşdak köçä goýbermäň" diýlip, paýlaşylan maglumatlaryň birinde aýdylýar.
Başga bir maglumatda kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine çagyryş edilip, ulanyjy itleri gynap öldürýänlere garşy çäre görülmegini soraýar.
"Gadyrdan organ işgärleri haýyş çäre göräýiň bulara! Änewiň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri it janawerleriň dokumentleri ýok diýip öldürýärler we howlyň içindäki iti aldaw bilen çagyryp, alyp gitdiler. Gaýrat edip çäre görüň, kanuna laýyk däl olaryň edip ýören işleri. Kanuny bilmeseler öwrediň bilsinler" diýlip, IMO messenlerinde paýlaşylan maglumatda aýdylýar.
Sosial ulgamlardaky işjeňligiň yzysüre, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň ençemesiniň IMO messenjeri kadaly işlemedi we olaryň azyndan iki sanysy Änewiň häkimligine çagyryldy. 16-njy fewralda geçen duşuşykda häkimligiň resmileri aktiwistler bilen sypaýyçylykly gürleşip, raýat pozisiýalary üçin minnetdarlyk bildirdiler.
"Şeýle-de, olar aktiwistlere 'haýwanlaryň öldürilmegi bilen bagly ilatyň arasynda uly gahar-gazap tolkuny dowam edýär, şol sebäpli häzir raýatlaryň şikaýatlaryna örän seresaplylyk bilen çemeleşilýändigini" hem aýtdylar. Mundan başga-da, olar bu barada häkimiň habarly ediljekdigini hem-de gyrgynçylygy amal edýän esasy işgäriň işden çykaryljakdygyny hem wada berdiler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz habarçymyza aýtdy.
Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, häkimligiň işgärleri 17-nji fewralda aktiwistlere jaň edip, häkimlikde ýygnak geçirilendigini we welaýatyň wekillerine haýwanlary öldürmegi bes etmegiň we tutulan haýwanlary olary angara eltmegiň tabşyrylandygyny aýtdylar.
Ahalda tutulan haýwanlary kabul edýän esasy ýer Çoganlyda galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägindäki angarda ýerleşýär. Haýwan goraýjylar bu ýeri itler üçin konslager diýip atlandyrýarlar. Aktiwistler hut şu ýere baryp görmelidigine ynanýarlar.
"Gyrgynçylygy amala aşyrýan esasy işgäri onuň müdiri gorap çykyş edipdir. Ol haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň şol işgär barada delilleri getirmelidigini hem aýdypdyr" diýip, çeşmämiz belledi.
Bu wakadan soňra haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň birnäçesiniň angara baryp görmegine rugsat berildi. Olaryň sözüne görä, bu ýerdäki ähli itleriň sany 50-den geçmeýär we olara kadaly iým, suw berilmeýär.
"Telekeçiler itlere iým berýärler. Ýöne bular olara berilmeýär, hat-da suw hem berilmeýär. Sebäbi olaryň töwereginde suw gaplary, jamlary hem ýok. Itleri nahar we suw bermän, gynap öldürýärler. Zäherlenip tutulan, urlup-ýenjilen itleri bolsa, zir-zibilleriň otlanýan beton çukurynda otlap öldürýärler" diýip, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada aç-açan mesele gozgaman gelýärler. Şeýle-de olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryny häzirki güne çenli jogapsyz goýýarlar.
Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirýärler. Soňky ýyllarda ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredildi we türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy.
Geçen ýylyň iýulynda ýurtda itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanun hem kabul edildi. Aktiwistler ýurtda idegsiz haýwanlary ýok etmek çäreleriniň dowam edýän wagtynda kabul edilen bu kanuny "gözboýagçylyk" atlandyrdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.