Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar

Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar

Ozal habar berşimiz ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.

Täze metjidiň umumy meýdany 6 gektara barabar.Onda bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär.Metjidiň dört minarasynyň her biriniň boýy 50 metre ýetýär.Gümmeziniň beýikligi bolsa 30 metre deň bolup, ol bir aýyň gün sanyny aňladýar.

Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar.Metjitdäki we bu ýerde gurlan 500 orunlyk sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleri, gümmeziniň, diwarlarynyň nagyşlary bugdaý şekilinde bolup, ol Änewiň ak bugdaýyň we ekerançylygyň ilkinji mekany bolandygyny aňladýar.

Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde-de mermer, granit ýaly gymmat bahaly daşlar ýokary derejede peýdalanylypdyr. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar binanyň bezeginde aýratyn orun eýeleýär.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri berlen sadakalaryň, edilen aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlendi.

— Geliň, häzir çaý başynda il-ýurt bähbitli soraglary ara alyp maslahatlaşalyň! Ýaňy belläp geçişim ýaly, taryhda gadymy Änew topragy rysgal-berekediň mekany bolupdyr.Ak bugdaýyň, ilkinji ekerançylygyň dörän ýeri hasaplanýan bu mukaddes toprak bu günki gün hem gülläp ösüşleri başdan geçirýär.

Halk arasynda “Seýit Jemaleddin metjidi” ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary, bilşiňiz ýaly, Änew şäheriniň gündogarynda ýerleşýär.Metjidiň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446 — 1457 ýý.) ady getirilipdir. Şol ýazgyda bolsa: Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul Kasym Babyr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we patyşalygyny ebedileşdirsin!

diýlip bellenilýär.Beýleki ýazgylarda Gözellik öýüni Horasandaky ýerli häkimleriň biri bolan Muhammediň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-we-d-diniň hatyrasyna öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Taryhçy alymlaryň Seýit Jemaleddiniň yslam dinini düşündirmekde meşhur alym bolandygyny, şonuň üçin oňa dünýäniň we diniň bezegi diýen derejäniň berlendigini tassyklaýandyklaryny aýdyp, Gahryman Arkadag oňat bişen kerpiçden bina edilen Änew metjidi barada il içinde dürli rowaýatlaryň bardygyna ünsi çekdi.

Çykyşynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu keramatly toprakda bina edilen täze metjidiň, türkmen halkynyň ata-babalaryna we geçmiş mirasyna sarpa goýmak, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerini hormatlamak bilen, “Seýit Jemaleddin metjidi” diýlip atlandyrylmagyny çärä gatnaşyjylaryň nähili görýändikleri bilen gyzyklandy.

Agzaçar sadakasyna gatnaşýan hormatly ýaşulular türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren teklibini tüýs ýürekden makulladylar we goldadylar hem-de pederleriň atlaryny ebedileşdirýändigi üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy mukaddes Remezan aýynda täze metjitde agzaçar sadakasynyň berlendigini, onda ýagşy doga-dilegler edilip, aýat okalandygyny aýtdy.

“Täze Seýit Jemaleddin metjidi haýyrly işlerde halkymyza hyzmat etsin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Baharyň baş baýramynyň dabaralary
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy