Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy

16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” Türkmeniň ak öýi binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri ýygnandylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem bar.Dabaradaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew şäherine bu hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” Türkmeniň ak öýi binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, amaly-haşam sungatynyň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty ýaly möhüm çäreler geçirildi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra baýramçylyk konserti geçirildi.Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler.Konsertde türki halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-yň ýörite kubogy, şeýle hem “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e74a874a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e74a874a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 41-nji mejlisi geçirildi
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy