Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary akyldar şahyrymyzyň ýaşan ýyllaryny öz içine alýan Älem nury atly täze spektakly tomaşaçylara hödürlediler.
Bu giň gerimli medeni forumyň çäklerinde milli we döwrebap gözlegler esasynda goýlan, şeýle hem ilkinji gezek görkezilen bu sahna oýny aýratyn many-mazmuna eýe boldy.Tejribeli we zehinli ýaş aktýorlaryň gatnaşmaklarynda teatryň sahnasynda goýlan bu spektakly režissýor Bagtyýar Abaýew sahnalaşdyrdy.
Meşhur dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň eseri esasynda goýlan bu sahna oýny tolgundyryjy wakalara baý bolup, onda Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi, durmuşy, şol döwrüň wakalary açylyp görkezilýär.
Spektaklda Magtymgulynyň keşbini zehinli aktýor Didar Kowusow, kakasy Azadynyň hem-de ejesiniň keşpleri Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ýeňiş Ýazmyradow we Göwher Muhammetgulyýewa ynanyldy.Magtymgulynyň söýgülisi Meňliniň keşbini zehinli aktýor Jeren Çäşemowa, Nobat Hasanyň keşbini teatryň tejribeli artisti Anna Meläýew, Bursysahyň keşbini Öwez Hudaýgulyýew döredýärler.
Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetirýän suratkeş Orazmyrat Hojaberdiýewiň, sahna eserini saz bilen utgaşdyrýan Allanur Haýdarowyň hem täze spektaklyň Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüniň milli we ruhy ýörelgeleri bilen utgaşyp, ilhalar bolmaklygy üçin yhlasly gözleglerini edendigini belläp geçmek bolar.