Älem giňişliginde öndürilen retina körlügi bejerip biler

Älem giňişliginde öndürilen retina körlügi bejerip biler

Älem giňişliginde öndürilen setçatka ýa-da başgaça aýdanymyzda retina körlügi bejerip biler.

Halkara emeli hemra bekedinde geçirilen synaglaryň biri, emeli setçatkanyň ýa-da başgaça aýdanymyzda retinanyň grawitasiýa şertlerinde öndürilende has hem täsirli bolýandygyny ýüze çykardy. Şol netije bolsa körlüge sebäp bolýan esasy keselleriň bejergisi üçin ylham çeşmesi bolup biler.

Ýagtylyk göze gireninden soň, fotoreseptor diýip atlandyrylýan ýagtylyga duýgur öýjükleriň ony elektrik signallaryna öwürýän organyň arka tarapyndaky inçe bir gatlak bolan setçatka gidýär. Signallar ondan soň bolsa interpretirlemek maksady bilen beýnä ugradylýar.

Bu nähili görýändigimizi jemläp aýdýan bir kesgitleme.

Ençeme göz keseli fotoreseptorlara zyýan ýetirip, görmek bilen bagly meselelere we hat-da körlüge hem sebäp bolýar.

Millionlarça adama ýaramaz täsir ýetirýän şol kesellere garşy entek hiç hili bejergi ýok. Emma üstünde işlenýän sanawda älem giňişligi hem bolan biri-birinden tapawutly taslamalar bar.

Emeli retinalaryň (setçatka) üstünde işlenýär

Merkezi Konnektikut şäherinde ýerleşýän LambdaVision kärhanasy, emeli retinalary döretmek üçin "bakteriorhodopsin" diýip atlandyrylan ýagtylyk bilen işjeň ýagdaýa geçýän bir protein ulanýar.

Şol retinalaryň zyýan ýeten fotoreseptorlary dolduryp, retina degenerasiýasy bolan adamlarda görüş mümkinçiligini yzyna getirmek üçin üstünde işlenýär.

Emeli retinalaryň her biri 1 tor gatlagyň üstünde 200 protein membranany öz düzüminde jemleýär.

Şol gatlaklar nähili derejede dogry bolsa, implant hem şolar ýaly gowy işleýär, emma önümçilikde grawitasiýa ýaly ýeňil bir kuwwat hem kemçiliklere sebäp bolýar.

Älem giňişligindäki nol grawitasiýadan peýdalanylar

Kemçiliksiz protein gatlaklaryň üstünde işleýän LambdaVision kärhanasy, emeli hemra beketlerindäki mikro grawitasiýanyň has gowy önümi ýüze çykarjakdygyny çak edip, emeli retinalaryň älem giňişliginde öndürilmeginiň amala aşyrylmagynyň derňelmegi barada karara geldi.

Kärhana synaglar geçirmek üçin gerek bolan ähli awtomatlaşdyrylan ulgamlar bilen üpjün edilen, CubeLabs taslamasynyň birini ulanyp bir synag geçirmek üçin emeli hemra beket esasly bir derňew kärhanasy bolan Space Tango bilen iş salyşýar.

NASA tarapyndan 5 million dollarlyk täjirleşdirmek grnaty bilen goldanýan ilkinji CubeLab-yny 2018-nji ýylda Halkara emeli hemra bekedine ugratdy we ondan soň ýene-de 4 synag geçirildi.

5-nji CubeLab bolsa häzirki wagtda dünýä gaýdyp geldi we LambdaVision tarapyndan berilen ilkinji netijelere görä, içindäki 200 gatly retinalar, dünýäde emele getirilen retinalardan has gowy.

Her bir mikro grawitasiýa synagy, LambdaVision kärhanasyna FDA-nyň emeli retinalar üçin 2023-nji ýylyň ahyryna çenli önümçilik standartlaryna ýetmek ugrunda kömek berdi we öňümizdäki ýylyň içinde ISS-a ýetmegi üçin meýilleşdirilen ýene-de 3 sany CubeLabs taslamasy bar.

LambaVision kärhanasy 2024-nji ýylda retinitis pigmentosa keseli bilen kesellän syrkawlarda synag geçirmek üçin taslamany taýar ýagdaýa getirmegi umyt edýär.

Şol synaglar üstünlikli geçen halatynda ýaşa baglylykda ýüze çykýan sary tegmil degenerasiýasyny bejermek bilen synaglar geçiriler.

Ýene degişli makalalar

"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy
Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy
Aşgabatda köpden bäri garaşylan Latyn Amerikasynyň aýdym-saz konserti geçirildi
Aşgabatda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk