Ählumumy metan borçnamasy boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Ýol kartasy işlenip taýýarlandy

Ählumumy metan borçnamasy boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Ýol kartasy işlenip taýýarlandy

1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy gün tertibinde durýan meseleler babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Ýol kartasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir. Ýol kartasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär. Ýol kartasyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, tegelek stol duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna agzalan Ýol kartasynyň we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady. Döwlet Baştutany ýurduň geljekde hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meýilnama işlenip taýýarlanar
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA 2024 Ykdysady forumyna gatnaşdy