Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen daşky gurşawy goramak, çogly güneşe baý topragymyzyň müň dürli öwüşginli tebigatyny goramak, ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzy aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty babatda alnyp barylýan ählihalk işiniň özeninde adamlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygy emele getirmek, netijede raýatlaryň arassa howa şertlerinde uzak ömür sürmegini gazanmak maksady goýlandyr.Ýurdumyzda 21-nji martda ählihalk ýowary geçiriler.
Bu çäräniň barşynda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde giň möçberli bag ekmek işleri geçiriler.Hususan-da, şol gün Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” 15 gektara tut nahallaryny we 5 gektara miweli baglaryň nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda eýýäm bu ugurda geçirilen köp ýyllyk işler öz miwesini berýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňişleýin çäklerde el bilen döredilen tokaýlar peýda boldy, şol tokaýlarda agaçlaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär.
Her bir şäheriň, etrabyň, obanyň töwereginde giň tokaýlyklar peýda bolýar, Köpetdagyň dag etekleri, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz ýakalary ýaşyl lybasa bürenýär.Gerimi boýunça ägirt uly bolan bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine garşy göreş alyp barmak baradaky ählumumy işine hem önjeýli goşantdyr.
Tokaýlar amatly howa ýagdaýyny hem döredýär, ýurdumyzyň şäherlerini we jülgelerini Garagumuň howrundan, gyşyň aýazly ýellerinden goraýar.
Döwletmyrat Baýramow,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.