
Ukrainadaky Russiýanyň tarapdary seperatistleriň gözegçiligi astyndaky Donesk we Luhansk Halk Respublikalary bilen rus goşuny tarapyndan ele geçirlen Herson we Zaparožýe sebitlerinde geçirlen ählihalk sese goýulşygynda “Russiýa birikmek” üçin ses berdiler.
Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Donbas, Herson we Zaparožýe sebitlerinde 23-nji sentýabrda Russiýa birikmek üçin başlan ählihalk sese goýulşygynyň netijeleri belli boldy.
Sebitlerdäki saýlaw komissiýalarynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, kagyz ýüzündäki Lugansk Halk Respublikasynda sesleriň ýüzde 100 göterimi sanaldy. Sese goýulşyga gatnaşanlaryň 98,42 göterimi Russiýa birikmek üçin “kabul” sesini berdi.
Kagyz ýüzündäki Donesk Halk Respublşkasynda sesleriň 56,85 göterimi sanaldy we ses berenleriň 94,75 göterimi Russiýa birikmek üçin ses berdi.
Rus goşunynyň gözegçiligi astyndaky Herson sebitinde sesler dolulygyna sanaldy we ses berenleriň 87,05 göterimini Russiýa birikmek üçin “kabul” sesini berdi.
Zaparožýe sebitinde hem ählihalk sese goýulşygyna gatnaşanlaryň 93,11 göterimi Russiýa birikmek üçin ses berdi.