9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şol günki dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi.Dabara gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere barýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýanyna ýaş nesliň wekili gelýär.Ol belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen hormatly Prezidentimizden bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen gürrüňdeş boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada habar berdi.Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň, paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini, gurluşyklaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy. /* custom css */ .td_uid_15_6731f4118cb7f_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6731f4118cb7f_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }