Wideoýazgylary hödürleýän “YouTube” saýtynda häzire çenli iň köp tomaşa edilen wideolaryň sanawy barada habar berildi.Iň köp tomaşa edilen wideonyň “Baby Shark” atly çagalar üçin niýetlenen aýdymdygy mälim edildi. 40,3 million abunaçysy bolan “Pinkfong!
Kids’ Songs & Stories” atly kanal tarapyndan ýaýradylan wideo häzire çenli 7,043 milliard gezek tomaşa edilipdir.Iň köp tomaşa edilen ikinji wideo bolsa, Lýuis Fonsiniň hem-de Däddi Ýankiniň ýerine ýetiren “Despacito” aýdymy bolupdyr.
Bu şekilli aýdyma 7 milliard gezek tomaşa edilipdir. Üçünji ýeri Ed Şiranyň “Shape of You” (5,05 milliard) dördünji ýeri Wiz Halifanyň “See You Again” wideosy (4,8 milliard) gezek, bäşinji bolan rus multfilmi “Maşa we aýy” 4,4 milliard gezek görlüpdir.
Bir döwür iň köp tomaşa edilen şekilli aýdymlaryň biri bolan Koreýanyň “Psy” toparynyň “Gangnam Style” wideosyna häzire çenli 3,8 milliard gezek tomaşa edilip, sekizinji orny eýeläpdir.