Ähli taraplaýyn glutation

Ähli taraplaýyn glutation

Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Ähli taraplaýyn glutation

Soňky ýyllarda ady ýygy-ýygydan gabat gelýän glutation, goşmaça görnüşde giňde ulanylýar. Umuman immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin peýdalanylýan glutation, iňňän peýdaly antioksidentdir.

Glutation, aslyna seredilende bedenimizdäki öýjükleriň tebigy gurluşyndaky protetin bileleşikleridir. Garrylyga we iýmitlenme ýetmezçiligine baglanşyklylykda wagtyň geçmegi bilen glutation ätiýajy azalýar. Bagyr tarapyndan işlenip çykarylýan glutation, öýjükleriň kadaly işlemeginde goragçy funksiýany ýerine ýetirýär. Aýratynam bagyry himikatlardan saplaýyjy özbolyşlyga eýedir. Immunitet ulgamynyň güýçlenmeginde we öýüjkleriň ulalmagy hem-de olaryň ýok bolmagynda möhüm pozisiýa eýeleýär.

Düzüminde glutationyň mukdary ýokary bolan azyklar

Bedenimiziň glutation ätiýaçlarynyň ýokary bolmagyny käbir azyklar arkaly üpjün edip bilersiňiz. Glutationyň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin düzüminde glutation bolan azyklar sarp edilmeli.

Bagyrda glutationy işläp çykarmaklygy artdyrýan azyklar käbirleri sarymsak, sogan, brokoli, kelem, brýussel kelemi, rediska, şugundyr.

Ysmanak, awokado, sparža we bamiýa ýaly azyklaryň düzüminde gönüden glutation bardyr. Emma bu azyklary saklanýarka we bişirilýärkä düzümindäki glutationyň mukdary azalyp biler.

Düzüminde glutation bolan beýleki azyklar; brýussel kelemi, artişok, petruşka, kädi, greýfurt, käşir, kartoşka, funduk, bakja önümleri, zygyr tohumy.

Gawun, pomidor, pyrtykal, garpyz, gyzyl burç, şetdaly, limon, mango, banan, hoz, hyýar, alma we üzüm hem düzüminde glutation mukdary ýokary bolan önümlerdir.

Ýer tudanasy, sitrus önümleri, kiwi we bulgar burç ýaly J witaminine baý bolan azyklar hem glutation ätiýajyny artdyrýan azyklardyr.

Mal eti, balyk we towuk eti, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, peýniriň suwy esasy önümlerden käbirleridir.

Glutationyň işlenip çykarylmagyny üpjün edýan käbir hoşboý ysly önümler zerdeçal, tmin, dalçyn, kardamon we gara tmindir.

Glutationa ukysyzlyk ýaramaz täsir ýetirýär. Kadaly we ýeterlik dynç almak, onuň durnukly artmagyny üpjün edýär.

Selen hem glutationyň işlenip çykarylmagy taýdan peýdaly minerallardan biridir. Braziliýa hozy, tunes balygy, gyzyl balyk, sardina, ýumurtda, süzme, peýnir, bagyr, günebakar çigidi, gara tüwi, bugdaý, sogan, sarymsak, kömelek ýaly önümleriň düzüminde selen mineralynyň mukdary ýokarydyr.

Glutation azlygynyň sebäpleri

Glutation azlygynyň sebäpleriniň hatarynda ýeterlik iýmitlenmezlik, daşky toksinler, stress we garrylyk ýaly faktorlar bar. Rak, süýji keseli, parkinson hassalygy we sarygetirme ýaly hassalyklarda-da glutatinyň mukdary azalýar.

Glutation azlygynyň görkezijileri

Glutation azlygynyň görkezijileri we simptomlary adamyň ýeňil, orta ýa-da agyr keseliniň bolmazlygyna baglydyr. Ýeňil glutation azlygynyň birinji näsazlygy ganyazlykdyr. Ganyazlygyň (anemiýa) görkezijilerinden bäbirleri; ýadawlyk, deriniň reňkiniň solgun bolmagy, baş aýlanmasy we demgysga bolup biler.

Orta derejeli glutation azlygynyň görkezijileri; ýürek bulanmasy, gusmaklyk we ýadawlykdyr.

Güýçli glutation azlygy; beýnä zyýanly täsir ýetirip, newrologik näsazlyklary ýüze çykarýar. Newrologik näsazlyklar; huş ýitirmek, aň bilen bagly hereketleri utgaşdyrma kynçylygy, bedeniň ösüşiniň pesligi we geplemegi öwrenmekde kynçylyk çekmeklik. Güýçli glutation azlygynda käbir çagalaryň myşsalary gaty bolýar. Gaýtalanýan bakterial ýokanç howpuny artdyrýar. Gözlere zyýan täsirleri bolup bilýär.

Glutationyň bejergisi haýsy hassalyklar üçin peýdaly?

Glutationyň bejergisi goşmaça maksatly edilýär. Glutationyň peýdalary gysgaça şeýle;

Immunitet ulgamyny goldamak,

J we E witaminlerini dikeltmek,

Erkin radikallary böleklemek,

Käbir fermentatiwleri işjeňleşdirmek,

Ýaglaryň böleklenmegi üçin bagyry we ödi goldamak,

Toksinleri mobilizlemek,

DNK-nyň ýüze çykmagy we çekilen ýitginiň öweziniň dolunmagydyr.

Glutationuň peýdasynyň bardygy aýdylýan hassalyklar;

Infarkt, damar gatamasy ýaly ýürek-damar hassalyklary,

Ýokary holesterin,

Bogun guryagyrysy,

Ýokanç keseller,

Rak,

Alsgeýmer hassalygy,

Süýji keseli,

Bogunyň duz ýygnamagy,

Katarakt,

Demgysma,

Sarygetirme ýaly bagyr keselleri,

Hroniki ýadawlyk sindromy,

Damar dykylmasy,

Içege iriňlemesi,

Ýürek keselleri,

Umumy bagyr keselleri.

Glutationyň peýdalary göz öňünde tutulanda iň esasy paý; glutationyň antioksident özbolyşlygy bilen baglydyr. Sebäbi bedende serkin radikallaryň ýüze çykmagy bilen emele gelýän poslanma garşy antioksidentler söweşijiler häsýetine eýedir. Bilermenler erkin radikallaryň uzak möhletde rak, otoimmun näsazlyklary, katarakt, gury agyry keselleri, ýürek-damar keselleri we nerw kesellerine sebäp bolýandygyny çaklaýarlar.

Parkinson we alsgeýmer ýaly nerw ýitgisine sebäp bolýan hassalyklar üçin goşmaça glutation bejergisi peýdalydyr. Sebäbi parkinson hassalygyndan glutation azlygy ýüze çykyp bilýär. Emma, glutatin azyklardan alynmaly.

Glutation bejergisi nähili edilmeli?

Glutation azlygynda “Glutation bejergisi” edilýär. Glutation bejergisi, azlyk ýüze çykan halatynda lukmanyň gözegçiliginde edilmeli. Agyzdan tablet, agyz ýoly bilen dem alyş ýoly arkaly ýa-da damardan igne arkaly berilip bilinýär.

Glutationyň zyýanly täsirleri barmy?

Glutationyň zyýanly täsirleri goşmaça alynan halatynda ýüze çykýar. Şolardan biri garynda damar çekme we çişmeklikler.

Käbir adamlarda dem almakda kynçylyk ýa-da allergiki reaksiýalar ýüze çykyp bilýär.

Uzak möhletli glutation almak bedendäki sinkiň mukdaryny azaldýar.

Göwreli we emdirýän zenanlar sarp etmeli däl.

Ýene degişli makalalar

Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Bamiýanyň tohumynyň peýdalary…
30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi
Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy