Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.Kompaniýanyň “XC40 Recharge” modeli Amerikan ýol howpsuzlygy ätiýaçlyk institutynyň (IIHS) “Top Safety Pick Plus” (TSP+) baýragyna mynasyp boldy. Şeýlelikde brend ähli modeli “TSP+” baýragyna mynasyp bolan kompaniýa boldy. Şeýle hem “Volvo XC40 Recharge” bu baýraga mynasyp bolan ilkinji dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi SUV boldy. “Volvo Cars” golaýda “TSP+” baýraklarynyň berlip başlanan 2013-nji ýylyndan bäri awtoulag öndürijileriniň arasynda rekord goýdy.
IIHS howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edýän awtomobillere “TSP+” baýragyny gowşurýar. “Volvo Cars” fewralda dokuz, martda bäş we geçen aý bir sany (şu ýylyň dowamynda jemi 15) “TSP+” baýragyny aldy.
Kompaniýa ulaglarynyň ählisinde kakyşmagyň öňüni alýan awtomat duýduryjy we duruzyjy ulgam, pyýadany we welosipedlini kakmagyň öňüni alýan ösen ulgam bilen üpjün edilen.
The post Ähli modelleri “howpsuzlyk baýragy” alan brend appeared first on Zaman Türkmenistan.