“Ähli Döwletler Bilen Dostlukly Gatnaşygy Ösdürmäge Çalyşýarys”

“Ähli Döwletler Bilen Dostlukly Gatnaşygy Ösdürmäge Çalyşýarys”

Adalat we ösüş partiýasyna hem başlyklyk edýän Erdogan partiýasynyň Mejlisdäki toparynda eden çykyşyna şu gün aradan çykananyna 29 ýyl dolan Günbatar Frakiýa türkleriniň gahryman lideri merhum Doktor Sadyk Ahmedi hatyralamak bilen başlady.

Erdogan Günbatar Frakiýadaky türk azlygynyň şu gün eýe bolan hukuklarynda merhum Sadyk Ahmediň alyp baran göreşiniň uly paýynyň bardygyny beýan etdi.

Gresiýanyň degişli edaralary bilen gepleşiklerde Günbatar Frakiýadaky kowumdaşlaryň meselelerinin gün-tertibiniň birinji ornunda durýandygyny gürrüň beren Erdogan; “Din we ybadat azatlygy bilen bilim alma hukuklary bilen bagly meseleler bizi ýakyndan gyzyklandyrýar. Gresiýa tarapyndan edilýän ähli başlangyçlara ünsli çemeleşýäris, gerek bolan halatynda degişli çäreleri görýäris. Enşalla mundan beýläk hem Günbatar Frakiýadaky türk azlyğyna hemaýatymyz dowam eder” diýdi.

Onuň Kipriň türk halkynyň elinden alynan hukuklary üçin hem şeýledigini nygtan Prezident Erdogan; “Ene watan we hemaýatkär ýurt hökmünde pozisiýamyzy Parahatçylyk operasiýasynyň 50-nji ýylynda aç-açan görkezdik” diýdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň giňden tanalmagyny maksat edinýändiklerini beýan eden Erdogan, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Türki döwletleriň guramasynyň çäginde eden başlangyçlarynyn dowamynyň geljekdigini nygtady.

Erdogan ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we dünýäde dostlaryň sanyny artdyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türk Dünýäsiniň Ýokary Ordeni Bilen Sylaglandy
Türkiýe Bilen Gyrgyzstanyň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Wengriýa Gitdi
Türki döwletleri guramasynyň sammiti geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar