“Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar”

“Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar”

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji hem-de 29-njy orta mekdeplerinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar” atly edebi-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň adyl we ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de asudalygyň, parahatlygyň, agzybirligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyz barada täsirli gürrüňler berdiler.

Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler.Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýinde baýram mynasybetli medeni çäre geçirildi
Terrorçy Azad Akynjy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Hekem gozgalmaýan emläk agentligi Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý pudagynda toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär
Coddy programmirleme mekdebi Men we robot atly ussatlyk sapagyna çagyrýar
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ TARYHYNDAN
Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 8 polisiýa işgäri ýogaldy