ADIPEC-2024 halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy

ADIPEC-2024 halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde ADIPEC (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) halkara nebitgaz sergisi geçirildi. Bu sergi nebitgaz pudagyndaky dünýäniň iň uly meýdançalaryň biridir, sergi her ýyl on müňlerçe öňdebaryjy hünärmenleri, ýolbaşçylary we dünýäniň iň uly energiýa kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Türkmenistan bu sergä nebitgaz pudagy, halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döreden uly göwrümli maýa goýum taslamalary we pudakda gazanylan üstünlikleri hödürleýän stendi bilen wekilçilik etdi. Bu barada Newscentralasia ýazýar.

ADIPEC-2024-de Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow, Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen nebitgaz kompaniýalary ýurduň uglewodorodlary öndürmekdäki, gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna eksport etmekdäki üstünliklerini hödürledi. Bular diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetinde däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da degişli möhüm orna eýedir diýlip, habarda bellenilýär.

Çäräniň çäginde türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýän Dragon Oil, ADNOC, Halliburton, Petronas ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Ara alyp maslahatlaşmalar tehnologiýa alyş-çalşygy, maýa goýum mümkinçilikleridir hyzmatdaşlyk taslamalary, şol sanda sebitleýin we halkara energiýa başlangyçlara gatnaşmagy öz içine aldy.

Halkara energiýa kompaniýalaryň 10 müňden gowrak wekiliniň gatnaşan sergisinde Türkmenistanyň stendi ýurduň baý taryhyny we medeni mirasyny görkezip, häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlandy.

Bu ýere gelenler Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalaryny, şeýle hem ýurduň energiýa mümkinçiligini görkezýän wideoşekillere tomaşa edip bildiler.

Türkmen wekiliýeti ADIPEC-2024 konferensiýasynyň strategiki sessiýalaryna hem işjeň gatnaşdy. Işewürlik maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurduň nebitgaz pudagynda, esasan hem durnukly ösüş we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugurlarynda gazananlaryny görkezýän çykyşlary boldy. Şunda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek taslamalaryna we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
“Argus” türkmen kompaniýalaryny Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazarlarynyň konferensiýasyna çagyrýar
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Üçekde 25 ýyl ýatan kürüşge 13,5 müň ýewro satyldy
Tramp öz administrasiýasyny döredýär