Eýýäm birnäçe ýyl bäri Adidas-yň işjeňlik bilen simsiz nauşnikleri çykarýandygyndan siziň habaryňyz barmy? Şol döwür içinde kompaniýa ep-esli öňe gitdi.
Brendiň Adidas RPT-02 SOL atlandyrylan täze modeli özüniň iki sany aýratynlygy bilen magtanyp biler.Birinjiden, täze nauşnigiň üýtgeşik awtonom häsiýeti bar bir gezek berlen zarýady bilen ol 80 sagatlap işläp bilýär.
Top model Sony — WH-1000XM5 bilen deňeşdirseň, bu görkeziji bary-ýogy 40 sagatdan ybaratdyr.Ikinjiden, Adidas Günüň energiýasyndan zarýad alyp bilýär.Bu iş nauşnikleriň korpusyna oturdylan Gün paneli arkaly amala aşýar.
Başga-da, IPX4 ülňüsine laýyk goragynyň bardygyny, gurluşynyň 87%-niň täzeden işlenen plastikdigini we ş.m.bellemek gerek.Täze gulaklyklaryň bahasy 229 dollardyr.