Adatdan daşary toparyň karary: Hytaýyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär, käbir raýatlaryň watana dolanmagyna rugsat beriler

Adatdan daşary toparyň karary: Hytaýyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär, käbir raýatlaryň watana dolanmagyna rugsat beriler

“Türkmen.news” neşiriniň habaryna görä, onuň redaksiýasyna Türkmenistanda keselleriň ýaýramagyna garşy adatdan daşary toparyň 9—njy apreldäki mejlisiniň karary barada resminama gowuşdy. Topar käbir türkmen we çet ýurt raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagyna hem ýurda girmegine rugsat berýän karar kabul edipdir.

– Hytaýyň goranmak ministri Weý Fenheniň ýolbaşçylygyndaky toparyň Türkmenistana saparyna taýýarlygyň çäginde 23-nji aprelde ýurdyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşasy gelýär. Ol yzyna 3-nji maýda dolanar.

-23-nji aprelden 1-nji maýa çenli BMG-niň ilat ýazuwy boýunça Gaznasynyň alty hünärmeni Türkmenistana sapar ederler we ilat ýazuwy barada tehniki kömek ederler.

-11-14-nji aprel aralygynda Ermenistanyň premýer-ministriniň maslahatçysy Artaşes Tumanýan Eýran bilen serhetdäki “Gaudan”barlag-geçiş-nokady arkaly Türkmenistana sapar eder.

-aprel-iýun aýlarynda prezidentiň täze “Boing 737” kysymly EZ-A700 sanly uçarynyň 4 ekipaj agzasy we 3 sany tehniki işgäri uçary tehniki barlaga çykararlar we ”King Aerospace Commercial Corporation” bilen ylalaşyk boýunça yzyna getirerler,

-Türkmenistanyň DIM-niň işgärlerine ýurdyň diplomatiýa wekilýetlerine elektron resminama dolanşygyny girizmek üçin Owganystana, Türkiýä, Pakistana we BAE-ne gitmegine rugsat edildi,

-19 sany çet ýurt hünärmenine Türkmenistanyň tikin kärhanalarynda tehniki hyzmat üçin ýurda girmegine rugsat berildi,

-aprel-maý aýlarynda Türkiýäniň “Ronesans”şirketiniň dört işgärine wiza almak üçin rugsat edildi,

-aprel aýynda “Ajaýyp gurluşyk” türkmen gurluşyk şirketiniň işçisiniň Daşkende gitmegine rugsat edildi.Ol Daşoguzda gurulýan köpugurly 450 orunlyk hassahanada we 150 orunlyk rak keselhanada goýuljak saglyk enjamyny öwrener.

-Dubaýdaky EKSPO-2020-niň türkmen bölüminde işleýän 27 sany türkmen raýaty yzyna dolanar,

-Türkmenistanyň Heratdaky baş konsuly Aýmyrat Goçmyradowyň, Mazari Şerifdäki baş konsuly Bazarbaý Kabaýewiň we konsulhananyň sürüjisi Sapargeldi Gedliýewiň Türkmenistana girmegine rugsat edildi,

-20-nji aprelde 100 sany türkmen raýatynyň “Daşoguz” barlag-geçiş nokady arkaly watana dolanmagyna rugsat etmeli. Olar üç hepdeläp karantine ýerleşdiriler.

-Degişli ilçihanalara ýüzlenmeklerine görä, ýaşamaga rugsady we immigrasiýa wizasy bolan 33 sany türkmen raýatynyň ABŞ-na, Germaniýa we Ermenistana gitmegine rugsat edildi,

-Türkmenistanyň 16 sany raýatynyň daşary ýurtda saglygyny bejertmegine we 5 sany türkmen raýatynyň saglyk ýagdaýy sebäpli, watana dolanmagyna rugsat edildi,

-Russiýanyň DIM-niň haýyşy boýunça raýat A.R.-niň hassa ejesi E.A-a seretmegi üçin Türkmenistana girmegine rugsat etmeli,

-Eýranyň “Sarahs” we Özbegistanyň “Farab” barlag-geçiş nokatlaryndan çet ýurtly sürüjileriň goýberilip başlanmagy ähtimal.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň içinde ýük daşamagy diňe ýerli tekerler amala aşyrýarlar.

Topar ýurtdan çykmaga we ýurda girmäge rugsat etmek kararyndan başga-da teatrlaryň, kinoteatrlaryň, sirkiň, Mukamlar öýüniň, diri tebigat milli müzeýiniň we beýleki medeni edaralaryň açylmagyna rugsat berdi.

Sport we ýaşlar syýasaty boýunça ministrlige ýüzmekden beýleki sportyň dürli görnüşleri boýunça çempionlygy we birinjiligi tomaşaçysyz geçirmek hem tabşyryldy.The post Adatdan daşary toparyň karary: Hytaýyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär, käbir raýatlaryň watana dolanmagyna rugsat beriler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň bilim we ylym ministri bilen duşuşdy
04.07.2018 | Resmi habarlar
Duşenbede türkmen-täjik işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meseleleri maslahatlaşyldy