Hytaý kosmosda adamly bekedi gurmagyň ilkinji ädimini ätdi. Ýurt kosmos giňişliginde guruljak bekediň ilkinji bölegini uçurdy. “Tianhe” atly modul “Long March- 5Y” göteriji raketasy arkaly uçuryldy.Kosmos bekedi taslamasy üç tapgyrda amala aşyrylar.
Kosmos bekedini gurmak üçin jemi 11 gezek uçuş amala aşyrylar.Uçurylan ilkinji bölegiň uzynlygy 16,6 metre, diametri 4,2 metre we agramy 22,5 tonna boljak modul taýkonawtlaryň (hytaý kosmonawtlaryny şeýle atlandyrýar) 6 aýa çenli ýaşamagyna mümkinçilik berer.
Bu modul “T” görnüşinde guruljak bekediň esasy dolandyryş merkezini emele getirer. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli jemi 10 uçuş amala aşyrylar.Bu uçuşlarda ýük üçin ýene iki modul uçurylar. Ýerden 340-450 kilometr daşlykdaky orbita ýerleşdiriljek stansiýanyň umumy agramynyň 100 tonna golaý boljakdygy we 15 ýyl ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň dowamynda “Tiangong” atly iki modul uçurylyp, esasy modula berkidiler.
Bu iki modul kosmos bekediniň ýükleri kabul edýän bölegini emele getirer. Şeýle hem ilkinji taýkonawtlar hem şu ýyl uçurylar.Bu taýkonawtlar üç aý kosmos bekedinde bolarlar.Mundan ozalky ýyllarda hem hytaý taýkonawtlary kosmos bekedinde bolupdy.
Häzire çenli iň uzak wagt kosmosda galan hytaý taýkonawty 33 gün bolupdy.Uçurylan esasy modulda kömürturşy gazyny kisloroda öwürýän we suw arassalaýan enjamlaryň gurnalandygyny mälim edildi.Esasy moduldan, iki laboratoriýadan we bir kosmos teleskopyndan emele geljek bekediň ölçegleri Russiýanyň 2001-nji ýylda hatardan çykan “Mir” kosmos bekediniňkä barabar bolar.
Bekede ýerleşdiriljek laboratoriýalar 2022-nji ýylda uçurylar.Bekediň esasy “biloňurgasy” gurlandan soňra aýratyn modulda ýerleşjek teleskop uçurylar.
1970-nji ýyllardan bäri adamly kosmos beketleriniň 10-dan gowragy guruldy.Olaryň käbiri uçurylan hem bolsa, adam baryp bilmedi, käsine bolsa gysga wagtlyk baryldy.Häzirki wagtda kosmosda ABŞ, Kanada, Ýaponiýa, Russiýa we Ýewropa ýurtlarynyň bilelikde dolandyrýan ýeke-täk bekedi bar.
Bu bekediň ulanyş möhleti birnäçe gezek uzaldyldy. Şeýle-de bolsa, meýilnama görä, beket 2024-nji ýyla çenli ulanylar.Mundan ozalky beket 1986-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli ulanylan “Mir” stansiýasydyr.
Sowet Soýuzyndan we ABŞ-dan soňra kosmosa kosmonawt iberen üçünji ýurt bolan Hytaýyň adamly kosmos maksatnamasy 1992-nji ýylda taýýarlanyp başlandy. Ilkinji taýkonawt 2003-nji ýylda uçuryldy.
The post Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy appeared first on Zaman Türkmenistan.