Beýik Britaniýadaky Oksford uniwersitetiniň alymlary eger adamzat siwilizasiýasy ýok bolaýsa, janly-jandarlaryň haýsy görnüşiniň Ýerde agalyk sürüp biljekdigini anykladylar. Olar deňiz haýwanlary bolan osminoglardyr.
Hünärmenler bu oňurgasyz deňiz jandarlarynyň planetany basyp almak üçin zerur bolan fiziki we akyl ukyplaryna eýediklerini belleýärler. Olar aň taýdan ösen, ugurtapyjy we bilesigeliji bolmak bilen, öz aralarynda aragatnaşyk etmäge ukyplydyrlar.
Uzak wagtlap, adamyň ornuny maýmynlar eýeläp biler diýlip çaklanýardy. Emma olar hem adamlar üçin döräp biläýjek howplaryň öňünde çäresizdirler.
Osminoglar Ýerdäki iň akylly, tebigy şertlere tiz uýgunlaşýan ugurtapyjy jandarlardyr. Olaryň çylşyrymly wezipeleri çözgüdini tapmaga, iň amatly ýerleri anyklamaga ukyby ösendir, amatly şertlerde siwilizlenen görnüş bolmagy başararlar diýip, ylmy pikiriň awtory professor Tim Koulson belleýär. Osminoglar şeýle-de dürli görnüşleri: mollýusklary, leňňeçleri, balyklary, akulalary, hatda guşlary hem awlamagy başarýarlar. Bu bolsa, olaryň ýaşamak we köpelmek mümkinçiligini artdyrýar.
Bu deňiz jandarlary suwda ýaşaýarlar, emma 30 minutlap gury ýerde-de ýaşamagy başarýarlar. Alymlar olaryň million ýyllyk ewolýusiýadan soňra açyk howada dem almak usullaryny döredip biljekdigini çaklaýarlar diýip, The
Daily Mail neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.