Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Onunjy syr HAÝYR-SAHAWATYŇ GÜÝJI

Hakyky baýlyk barada bileninden soň, ýaş ýigit gaty aljyraňňy görünýärdi.Ol ömründe ilkinji gezek muny edip boljakdygyny düşündi.Aň asty aňda ynam döredip, baýlyga ýetmek üçin her gün yhlas bilen teswirlän zatlaryny gaýtalady.

Ol durmuşda näme isleýändigi barada uzak wagtlap pikirlendi, soňra maksadyny ýazyp, oňa ýetjekdigini aňynda gördi.Onuň iň uly arzuwy ýazyjy bolmakdy.Ol şeýlebir kitaplary ýazasy gelýärdi, ony okan adamyň başga adama öwrülenini isleýärdi.

Elbetde, onuň başgada arzuwlary bardy, ýagny öz mellek ýerinde şol seýilbagyň gapdalyndaky jaýlar ýaly ullakan öý edinmek hemem maşgalasynyň ähli zady üpjün bolar ýaly ýeterlik derejede pul edinmek.Soňra ol maksadyna ýetmek üçin elinden geläýjek oýlanyşykly iş meýilnamasyny düzdi. Çykdaýjylaryny gözegçilikde saklamak üçin girdejileriniň hemem çykdaýjylarynyň meýilnamasyny düzdi.

Bergidarlary bilen duşuşyp, pul ýagdaýyny düşündirdi hem-de bergisini birbada berip bilmejekdigini, her aý az-azdan berjekdigini aýtdy.Algydarlary onuň şertini kabul etdi, beýleki adamlar ýaly sypjyklyk etmän, ýaş ýigidiň özleri bilen aç-açan gürleşýändigi olara ýarady.

Mundan başga-da, ol gazanjynyň on göterimini beýlesine süýşürmek barada berk karara geldi.Dogrusy, bu zatlary etmek üçin puly azrak sowup, käbir ähmiýetsiz zatlardan ýüz döndermeli boldy, ýöne bu edeniňe degýärdi, sebäbi ol bahym bergiden çykyp, geljegi üçin baýlyk toplap ugrajakdy.

Hakyky Baýlyk edinmek isleýän bolsa, ähli işde halal bolmalydygyna ol düşünipdi, sebäbi jenap Bruksyň aýdan sözleri ýadyndady: Durmuş edil bumerang ýalydyr, her bir eden zadyň, haçanda bir wagt özüňe gaýdyp gelýändir.

Ol başlajak işi üçin ýörite bilimiň gerekdigine düşünip, gije okadylýan telekeçilik kursuna ýazyldy.Garry hytaýlynyň sanawundaky adamlaryň aglabasy bilen gürleşenden soň, Hakyky Baýlygyň syrlary olara kömek eden bolsa, özüne-de kömek etjekdigine, ýürekden ynanan zadyna ýetjekdigine düşündi.

Indi onuň sanawunda bir adam galypdy. Ýaş ýigit onuň bilen duşuşmazdan öň aljyrady, sebäbi onuň bilen tanyşmak diňe bir gyzykly bolman, eýsem Hakyky Baýlygyň iň soňky syrynyň nähilidigi alada goýdy.

Jeffi Liwer şäheriň iň baý etrabynda öz dört gatly jaýynda ýaşaýardy.Uly köçäniň iki gapdalyny uly jaýlar tutup, olarda ady belli syýasatçylar, millionerler hemem her dürli meşhur adamlar ýaşaýardy. Ýaş ýigit geçen hepde hem örän owadan jaýda bolup görüpdi, ýöne jenap Liweriň şahana howlusy ähli görenlerinden artykdy.

Bu on sekizinji asyryň ullakan ak öýüdi.Home and Garden žurnalyndaky gadymy mebeller bilen öýüň içi oňat edip bejerilipdir.Hyzmatkär ýaş ýigidi gapynyň daş ýüzünde garşy alyp, myhman otagyna çenli ugratdy.

Myhman otagyna çenli üç sany diwar bolup, olaryň üçüsem boýdan-başa kitap tekjeleridir kitaplar bilen doldurylypdyr.Dördünji jaýda ullakan mermer daşdan ýasalan buhary peji bolup, onda ýanyp duran odunyň şytyrdysy gulaga ýakymly eşidilýärdi.

Pejiň ýokarysynda bir surat bardy, ol munuň ýaly suraty hiç wagt görmändi: bir adam hamala doga okaýan ýaly, zeper ýeten ellerini biri-birine degrip, asmana uzadyp durdy. Şu pursat gapy açyldy-da, çuw ak saçly, nurana ýüzli bir gartaşan adam girdi.

Erkekler bir-biriniň elini gysdy-da, pejiň öňündäki kürsülerde ornaşdylar. — Görýän welin, bu surat sizi özüne çekdi öýdýän? — diýip, jenap Liwer pejiň ýokarsyndaky suraty görkezip oturyşyna sorady. — Hawa — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy. — Meniň sungatdan o diýen başym çykanok, ýöne bu suratda nähilidir bir özüne çekiji zat bar… — Munuň aňyrsynda bir ajaýyp taryh bar — diýip, jenap Liwer gürrüňe başlady. — Bu waka bäş ýüz ýyl mundan ozal Germaniýanyň Nýurnberg atly kiçiräjik obasynda bolup geçýär.

O ýerde sekiz çagaly bir maşgala ýaşaýan eken. Çagalaryň kakasyna Albreht Dýurer diýer ekenler, ol ussaçylyk bilen meşgul bolup, çagalaryny eklemek üçin her gün on sekiz sagat işlemeli bolýar eken.

Onuň iki oglunda sungata bolan höwes döräp, olaryň ikisem nakgaş bolmagy arzuw edýär, ýöne olar kakalarynyň özlerini Nýurnberg akademiýasyna iberip bilmejegini bilýärler. Şonuň üçinem bu ikisi bije çekişmegi ýüregine düwýärler.

Kimiň bijesi galsa, beýlekisiniň okuw puluny tölemek üçin şahtada işlemeli eken.Soňra aradan dört ýyl geçenden soň, beýlekisi okuwa gidip, okuwyny gutaran bolsa, isle öz hünäri, isle başga işde beýlekisiniň okuw puluny tölemeli eken.

Bije atylýar, kiçi Albreht Dýurer okuwa gidýär, ulusy Albert bolsa gazanç etmek üçin şahta ugraýar.Bahym kiçi Albrehtiň zehinlidigi ykrar edilýär, hemem aradan dört ýyl geçenden soň, ýagny okuwuny gutarar uçurlary, ol eýýäm öz işi üçin gowy hak alyp ugraýar.

Ol dogduk obasyna dolanyp gelýär hemem baýramçylyk nahary wagty öz söýgüli agasy Albert üçin söz sözleýär.Ol agasy kömek etmedik bolsa, üstünlik gazanyp bilmejekdigini aýdýar-da, sözüniň ahyrynda şeýle diýýär: Mähriban agam, Albert, indi okamak gezegi seniňki.

Indi sen Nýurnberge gidip, arzuwyňy amala aşyryp bilersiň, men seniň aladaňy ederin.Tutuş maşgala inisine kömek edeni üçin Alberte sag bolsun aýdyp, Akademiýa gitmegine razylyk berýär, ýöne ol aglamaga durýar. Ýok… ýok… ýok… diýip, ol gözi ýaşly halda gaýtalaýar.

Otagdakylardan ses çykmaýar, ol gözýaşyny süpürýär-de, pyşyrdap diýen ýaly şeýle diýýär: Indi bu meniň üçin gaty giç, men indi Nýurnberge gidip bilmerin.Serediň — diýip, ol çişip giden gabarçakly ellerini görkezýär, dört ýyl şahtada işlänligi sebäpli, onuň elleriniň süňkleri gyşaryp giden eken. — Çotga tutmaga beýlede dursun, elimdäki bulgury zordan saklaýan.

Bu indi meniň üçin indi gaty giç. Şondan soň Albreht Dýurer ady belli nakgaş bolýar.Häzir onuň suratlary dünýäni köp muzeýlerinde bar.Ol öz üstünligi üçin doganyna borçlydygyny hiç wagt unutmaýar, şonuň üçinem ahyrky borjuny berjaý edip, şu suraty döredýär.

Siz başga hiç bir suratda şunuň ýaly söýgüni, gam-gussany görmersiňiz.Suratda onuň elleriniň her bir şikesi, her bir ýarasy görünýär.Ol ellerini asmana uzadyp duran agasyna minnetdarlygyny bildirýär hemem… ondan ötünç soraýar.

Bärde nakgaşyň minnetdarlyk duýgusy hemem doganynyň düşen güni üçin özüniň ýazyklydygy şekillendirilipdir.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (31-nji bölüm)
Paýhaslar düwünçegi
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina