Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ýadyma düşýär, men ilki badalar jaýlara aýna goýýan edaralaryň birinde işleýärdim.Hakykatda, bu baryp ýatan kezzaplykdy: biz adamalaryň gapylaryny kakardyk-da, penjireleriniň aýnalaryna seretmegi teklip ederdik hemem, adatça, olara täze aýna goýmagy maslahat bererdik, soňra bolsa, eger öýlerini bildiriş üçin ulanmaga berseler, harytlarymyzy ýarym bahasyna goýup berjegimizi aýdardyk.

Iş hakynyň ortaça bahasy 6000 funtdy, eger öýlerini bejergiden öň hemem soň surat almaga rugsat etseler, 3000 funta goýup berjegimizi aýdardyk. — Bar zat örän ýönekeýdi — diýip, jenap Bruks sözüni dowam etdi. — Men özümde adamlara islendik resminama gol çekdirip biljek güýjüň bardygyny duýdum. Şertnamada tölenýän puluň 20 göterimini, üstesine pul baýragyny alamsoň, işimden örän hoşaldym, hepdede 2000 funtdan geçirip pul gazanýardym. Ýöne ajaýyp günleriň birinde bar zat üýtgedi.

Gapyny kakdym welin, bir garry hytaýly açdy.Ol girmegi mürehet etdi-de, meniň samyrdylarymy dykgat bilen diňledi.Haçan-da, gepimi gutaran wagtym, ol şeýle diýdi: Meniň täze aýna dakanymyň kime bähbidi bar — maňamy ýa saňa?

Ikimize-de bähbidi bolar diýip umyt edýän — diýip, men jogap berdim. Şonda ol meniň göni görejime garap, şeýle diýdi: Dogrudanam, men siziň aýnalaryňyza mätäçdir öýdýäňizmi?Siziň pikiriňizçe, meniň häzirki aýnalarym derde ýaranok-da?

Nämedigin-ä aýdyp biljek däl, ýöne garryda bir hili güýç bolup, meni oňaýsyz ýagdaýa saldy.Oňa ýalan sözläp bilmedim hemem işe gelenim bäri ilkinji gezek dogrumy aýtdym.Garry ýerinden turdy-da, dogruçyl jogabym üçin elimi gysdy.

Ol meniň durmuşda ýokary galmak isleýänimi görýändigini aýtdy-da, durmuşy ýola goýmagyň iň gowy usulyny bilmek isleýänimi sorady.Elbetde, onuň sözleri meni özüne çekipdi, sebäbi nähilidir bir hyýaly ýol bilen baýlyk edinerin öýdýärdim, ýöne oňa derek ol meniň bilen Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň etdi hemem bu zatlary düşündirip biljek on adamyň sanawuny berdi. Şondan soň bu syrlar barada köpräk biljek bolup, men ol adamlar bilen duşuşyp ugradym.

Bu syrlar durmuşa bolan garaýşymy düýpgöter üýtgetdi. Ýöne esasy zat — iki ýylyň içinde girdejimi dört esse köpeltdim. — Bu size nädip başartdy? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Men şäher bazarynda çadyr dikip, hojalyk harytlaryny satyp ugradym, şeýdibem iki ýyldan özüme dükan edindim.

Aradan üç ýyl geçenden soň, dükanymyň sany otuza ýetdi, ýene iki ýyldan ýetmiş bäşe ýetip, bir ýylky girdejim birnäçe million funta ýetdi. — Siz öz üstünlikleriňize Hakyky Baýlygyň syrlarynyň kömegi degendir öýdýäňizmi? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Bu barada şübhe-de bolup bilmez — diýip, jenap Bruks aýtdy. — Ýöne meniň durmuşyma has täsir eden bir syr bar, bu bolsa — halallygyň güýji. — Halallygyň güýji? — diýip, ýaş ýigit ynanmazlyk bilen sorady. — Hawa.

Söwdada halal işlemek. — Çynyňyzmy? — diýip, ýaş ýigit gaýtalady. — Halallyk üstünlige ýetmäge kömek edýärmi? — Elbetde.Eger üstünlik gazanmak hemem Hakyky Baýlyk edinmek isleýän bolsaňyz, onda dogruçyllyk hemem akýüreklilik örän möhümdir.

Birinjiden, eger adam halal işlemeýän bolsa hemem azajygam bolsa ynsaby bar bolsa, oňa özi barada ýokary pikirde bolmak kyn düşer.Ikinjiden, durmuşda näme etseňiz, hökman yzyna gaýdyp gelýär. Özüň nähili bolsaň, il hem şonuň ýaly diýen atalar sözüni eşiden bolsaňyz gerek. — Elbetde. — Bu hakykat hemem durmuşyň esasy kanuny.

Bu diniň ählisinde bar: induslar muny haklaşyk güni diýip atlandyrýan bolsa, Injilde Biribaryň jezasy diýip atlandyrýarlar.Näme etseň, şony hem orarsyň diýen nakyl bar, muny nähili atlandyrsaňam, biziň hiç birimiz ondan gaçyp-gutulyp bilmeris.

Biziň edýän işlerimiz, aýdýan sözlerimiz, hatda pikirlerimizem edil bumerang ýaly elmydama yzyna — özümize gaýdyp gelýär. — Siz: Eger-de birini aldasak, hökman bizem aldarlar diýjek bolýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi? — Hut şeýle.

Siziň aldan adamyňyzyň aldamazlygam mümkin, ýöne şol aldaw hökman siziň özüňize gaýdyp geler. Ýaş ýigit özi barada oýlandy.Onuň nädogryrak hereket eden wagtlary bolupdy, esasy ýadynda galany — kesel bolan bolup, ene-atasyny aldanlygydy.

Ol özüniň gowy iş etmänligine düşünýärdi, ýöne hemmelerem şeýdýär, men näme üçin etmeli däl?diýip özüni aklardy. — Ýöne beýleki adamlar ýalan sözleýän bolsa, näme etmeli? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Beýleki adamlar näme etse, öz işi — diýip, jenap Bruks jogap berdi. — Olar barybir Hudaýyň jezasyndan sypyp bilmez, öz hereketiňi aklamak üçin beýleki adamlaryň edenini gaýtalamak samsyklyk. — Mundan başga-da — diýip, jenap Bruks sözüni dowam etdi, — islendik ýalan söz hemem galplyk ahyrsoňy ýüze çykýar.

Olar iru-giç yzymyzdan ýetýär. Şol äşgär bolan wagty bolsa, siziň ähli guran zadyňyz weýran bolýar. — Ýöne geliň hakykata dogry garalyň — diýip, ýaş ýigit aýtdy, — baýlaryň aglabasy nähili hem bolsa, nädürs herekete ýol berýär ahyry, şeýle dälmi? — Hemişe beýle däl.

Baýlaryň bary nädürs hereke ýol berýär diýip aýtmak, Garyplaryň bary perişde ýaly diýen ýaly bir zat.Hakykatda, garyplygyň, gedaýçylygyň bar ýerinde siz hökmany suratda jenaýata duşarsyňyz.Jenaýatyň iň ösen ýeri — iň garyp etraplardadyr. — Ýöne näme üçin? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Sebäbi garyplygy, gedaýçylygy köplenç öz jenaýatlaryny aklanmak üçin ulanýarlar. Şonuň üçinem Hakyky Baýlygy diňe halal ýol bilen gazanyp bolar. — Şeýlede bolsa, bu zatlary göre-göre gelýän, söwda bilen iş salyşýanlaryň aglabasy ýa ýalan sözleýär, ýa-da galplyk edýärler. — Görýän welin, siz ýaramaz adamlar bilen iş salyşypsyňyz öýdýän — diýip, jenap Bruks ýylgyrdy. — Ýöne ýagşy bilen ýamany nädip saýgarmaly, aýratynam bäsdeşleriňiz kezzaplyk etse? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Siziň edip biljek iň ýönekeý zadyňyz — bir işe başlamazdan öň, özüňize sorag beriň.

Birinjiden: Bu kanuna dogry gelýärmi?Eger kanuna dogry gelmeýän bolsa, siziň ýaramazlyga uçrajakdygyňyz gürrüňsiz.Ikinjiden: Bu ahlak arassalygyna dogry gelýärmi?

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)
Ösümlikden öndürilen oýnawaç
11 ýyldan soň