Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hanym Ormen gürleýärkä ýaş ýigit bir zatlar ýazyşdyrýardy, soňra ýandepderçesini ýapdy-da, gürrüňdeşiniň ýüzüne seretdi. — Diýmek, düşünişime görä, çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamak bir gijäniň içinde baýlyk eçilenok-da, geljekde Hakyky Baýlygy döretmäge mümkinçilik berýär-dä? — Hut şeýle — diýip, hanym Ormen jogap berdi. — Munuň haýyrly işdigi görnüp dur.

Birinjiden, çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamak bilen siz hiç kime bergili bolmarsyňyz.Ikinjiden, bu size puluňyzy özüňize işletmäge mümkinçilik berer. — Ýöne bu zatlardan haýyrlanmak üçin adam gaty kän garaşmaly bolar — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklap, aňryňa bir zat atmaklygyň garran wagtyň kömek etjekdigi bilen razylaşýan, ýöne onuň häzir ýa-da ýakyn geljekde baýlyk toplamaga nähili kömegi deger? — Eger siz hakyky baýlyga eýe bolmak isleýän bolsaňyz, ony döretmeli bolarsyňyz, munuň üçin bolsa berk sütün gerek. Çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamak bir gijäniň içinde, hatda bir ýylda-da baýlyk getirmez, ýöne ol geljegiňizi gurmaga kömek eder.

Bu size maşgalaňyz barada alada etmäge, bergidar bolmazlyga hemem, iň esasy zat — garran çagyňyz elini uzadan ýerine ýetýän seýrek adamlaryň bir bolmaga kömek eder, olar ýaly adamlar bolsa on göterimdenem az.

Her hepde gazanjyňyzyň on göterimini ýygnamak bilen, siz ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne ynam bilen pul edinip ugrarsyňyz, bu bolsa Hakyky Baýlygy döretmegiň maýasy bolýar. — Derrew hädip baýamaly?diýen maksatnamadan seresap boluň — hanym Ormen gürrüňini dowam etdi. — Örän töwekgellik edilýän maýa goýumlarynyň howply bolmagy mümkin. Şo sebäpli uly gynançdan kiçijik ätiýaçlyk ýagşy.

Töwekgellik etmeli pursatlar bolýar, ýöne ony gowuja öljerip dökmeseň, soňy howplydyr. — Ýagşy — diýip, ýaş ýigit razylaşdy, — ýene bir sorag, ummasyz pul ýygnanyňdan soň, çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamak hökmanmy? — Bilýäňizmi näme, adam baýasa, çykdaýjylary hem girdejileri ýaly köpelme bilen bolýar — diýip, hanym Ormen jogap berdi. — Olar girdejilerini gözegçilikde saklamalydygyna gözleri ýetinçä ullakan öý, gowy ulag edinýärler, kaşaň ýerlere dynç alyşa gidýärler, geýimlerini ýörite ussahanalarda tikdirip ugraýarlar, gymmat restoranlarada iýip-içýärler.

Dogrudanam, käbir adamlara sowýan puluny gözegçilikde saklamak hökman däl, olar ýaly adamlar örän az, ýöne adamlaryň aglabasy muny mejbury ýagdaýda etmeli bolýar, hatda millionerlerem.Lotereýde pul utanlaryň köpüsi iň soňunda kör köpüksiz galýar, sebäbi olar çykdaýjylaryny gözegçilikde saklamany bilenok.

Olar geljek hakda pikir etmän, ellerindäki puly sowurýarlar. Ýadyňyzda saklaň, eger-de eliňizdäki puly özüňizi işletmeseňiz, edil ýagyş ýagmaýan köl ýaly, guramak bilen bolarsyňyz. Çykdaýjylaryňyzy gözegçilikde saklaman Hakyky Baýlygy döredibem, saklabam bilmersiňiz. Ýaş ýigit öýüne gelip, hanym Ormenden eşiden zatlaryny üns bilen ýandepderçesine belledi.

Ine, onuň ýazan zatlary:

Hakyky baýlygyň ýedinji syry — çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamagyň güýji

1.Baýlyk gazanan puluň bilen kesgitlenenok, ol gazanan puluňa nähili ýaşaýanlygyň bilen kesgitlenýär. 2. Çykdajylaryňyzy gözegçilikde saklamak az-owlak pul bilen rahat ýaşamaga hemem puluňy köpeltmäge kömek eder. 3.

Elinde serişdesi bolmadyk her bir adam çykdaýjylaryny gözegçilikde saklamak arkaly puluny özüne işlär ýaly edip biler. 4.Girdejileriňiziň belli bir bölegini, ýagny ondan bir bölegini ýygnaň.Bu siziň geljekki baýlygyňyzyň maýasy bolar. 5.

Pul üçin işländen, goý pul siziň üçin işlesin.

Sekizinji syr HALALLYGYŇ GÜÝJI

Dogruçyl Genri barada eşitmedik adamy şäherde tapmak kyn bolsa gerek.Onuň arzan bahadan ýokary hilli harytlary satýan dükanlarynyň bardygyny hemmeler bilýär.Bar zat gaty aňsat: eger gowy harytlar edinesiňiz gelýän bolsa, ýöne harytlar barada hiç hili düşünjäňiz bolmasa, onda size Dogruçyl Genrä ýüz tutundan gowusy ýok.

Siz onuňkyda hiç hili mekirlige ýa-da galplyga duşmarsyňyz: harytlar gymmat däl, ýaramasa, dükançylar gep-gürrüňsiz yzyna almaga hemem puluňyzy bermäge taýyn.Bu dükanlaryň eýesi hemem olary döreden — Genri Bruks. Ýaş ýigidiň sanawundaky sekizinji orunda hut şonuň ady bar.

Haçan-da, ýaş ýigit onuň iş ýerine baranda, jenap Bruks garşylamak üçin ýerinde turdy-da, onuň bilen mähirli salamlaşdy.Ol 54 ýaşly, orta boýly, etli-ganly adamdy.Onuň çarçuwasy ýogyn gara äýnegi bardy, şonuň üçinem ullakan togalak ýüzüne aýna şarjagazlary oturdylan ýalydy. Ýaş ýigit oňa garry hytaýly bilen bolan duşuşygy gürrüň berdi. — Haýran galmaly! — diýip, jenap Bruks geňirgendi. — Diýmek, siziň baý bolasyňyz gelýär-dä? — Hawa — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy. — Onsoň siz Hakyky Baýlygyň syrlary barada näme pikir edýäňiz? — Elbetde, bu örän gyzykly — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Siz bu barada näme bilýäňiz? — Geliň otuz ýyl yza dolanalyň — diýip, jenap Bruks gürrüňe başlady. — Men ýaňy ýigrimi ýaşymy doldurypdym hemem örän köp pul edinesim gelýärdi.

Ony nädip edinmek gyzyklandyranokdy, men ýöne kyrk ýaşda millioner bolmagy maksat edinipdim. Şu hem meniň iň esasy meselelerimiň biridi. — Näme üçin? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Men Hakyky Baýlyk edinmek üçin niýetiň aýdyňlygyny iň esasy zat hasaplaýaryn. — Bu şeýle — diýip, jenap Bruks jogap berdi. — Ýöne men häzir öz maksadym barada aýdamok.

Mesele — ony nädip etmelidiginde.Men bu arzuwyma şeýle bir berildim welin, Hakyky Baýlygyň esasy syrlarynyň birine — halallygyň güýjüne biperwaý garanymy duýman galypdyryn.Injilde şeýle sözler bar: Eger adam bütin dünýäni basyp alyp, şol bir wagtda ýüregini ýitirýän bolsa, ondan näme haýyr bar?

Maňa ynanaýyň, şunuň ýaly manyly jümle hiç wagt aýdylan däldir.Eger adamyň özüne hormaty bolmasa, dogry sözi bolmasa, ol adamyň bahasy gara şaýyça-da ýok.Näçe puluňyz bolsa bolubersin, eger halal adam bolmasaňyz, hiç wagt özüňizi baý hasap edip bilmersiňiz.

Siziň ähli ýygnan puluňyz ýeliň ugruna gider. Ýalançylyk, galplyk bilen baýlyk toplamak — çägeden öý galdyran ýaly bir zat, ol uzak durmaz.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)
2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?
11 ýyldan soň