Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (32-nji bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (32-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Ilki bilen, bir zady ýatda saklaň, baýlyk näçe pul gazananyň bilen kesgitlenenok-da, gazanan puluna şol adamyň nähili ýaşaýyşy bilen kesgitlenýär — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi. — Munuň tapawudy näme? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Adam näçe pul gazansa, şonça-da gowy ýaşajykdygy düşnükli ahyry. — Bu hökman däl — diýip, hanym Ormen jogap berdi. — Hakykatda, adam näçe köp pul gazansa, şonça-da kän pul sowmaly hemem özüni pida etmeli bolýar.

Meselem, aýlygyňyz näçe köp bolsa, siz şonça-da işde oturmaly bolarsyňyz, bu bolsa maşgalaňyz bilen wagtyňyzy az geçirmeklige elter.Eger siziň aýlygyňyz kän bolsa, ýöne hepdede birnäçe sagadyňyzy maşgalaňyza sarp edip bilmeseňiz, siz özüňizi baý hasap edip bilersiňizmi? Ýaş ýigit eňegini gaşady-da, şeýle diýdi: — Men siziň nämäni göz öňünde tutýanyňyza düşünýän. — Uzakly gün puluň yzynda sergezdan bolup ýörenden maşgalaňyzyň arasynda arkaýyn ýaşanyň gowy ahyry — diýip, hanym Ormen düşündirdi. — Size Hakyky Baýlygyň nämedigine düşünmek üçin multimillioner bolmak hökman däl.

Durmuşda halaýşyňyz ýaly ýaşar ýaly puluňyz bolsa bolany. — Şo sebäpli, eger siz baý bolmak isleýän bolsaňyz — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi, — siziň ilkinji öwrenmeli zadyňyz — gazanýan puluňyza ýaşamagy başarmak, bu bolsa çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamak.

Eger siz müň funt gazanyp, dokuz ýüzüni sowsaňyz, bu maddy üpjünçilige elter. Ýöne siz şol puly gazanyp, bir müň bir ýüz funt sowsaňyz, bu garyplyga elter.Eger siziň sowýanyňyz gazanýan puluňyzdan kän bolsa, size ýaramaz günler garaşar. — Düşünýän — diýip, ýaş ýigit aýtdy, — girdejileriňi ýerlikli ulanyp, bergiňden dynyp boljak. Ýöne bu nädip girdejiniň köpelmegine kömek edýär? — Bu dogrudanam kömek edýär — diýip, hanym Ormen tassyklady. — Çykdaýjylaryňa gözegçilik etmek diňe bir rahat ýaşamak üçin gerek däl-de, girdeji edinmek üçinem gerek, bu onuň iň esasy tarapy. — Dogrudanam? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Ýöne nähili ýol bilen? — Hemişelik girdejisi bolmasa hemem ony aýawly saklamasa, hiç bir adam baýlyk edinip bilmez.

Siz munuň bilen razylaşýaňyzmy? Ýaş ýigit başyny atdy. — Siziň baýlygyňyz näçe bolsa bolubersin — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi, — hiç hili girdeji getirmän ony sowup ugrasaňyz, ol kem-kemden azalmak bilen bolar.

Hemişelik girdeji edinmegiň ýeke-täk ýoly bar, siz ýa-ha kän pul gazanmaly, ýa-da gazanan puluňyzyň bir bölegini özüňize işlär ýaly etmeli. — Siz puly tygşytlamagy hemem bir zada goýum goýmagy göz öňünde tutýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Hawa.

Eger siz puluňyzyň bir bölegini tygşytlap, ony akylly-başly ulansaňyz, siziň puluňyz girdeji getirip, onuň mukdary köpelme bilen bolar. — Ýöne puluňy tygşytlamakdan hemem bir zada goýmazdan öň onuň ýeterlik derejede köp bolmagy gerek ahyry — diýip, ýaş ýigit garşy çykdy. — Men häzirki ýagdaýymy göz öňünde tutýan, onuň bir bölegini tygşytlamag-a beýlede dursun, güzeranymy zordan aýlaýan. — Maňa ynanaýyň, muny edip bolýar — diýip, hanym Ormen ynamly aýtdy, — ýöne, elbetde, munuň üçin kesgitli bir zat etmeli bolarsyňyz.

Siz öňi bilen özüňize şeýle diýmeli: Men gazanjymyň bir bölegini özümde goýmaga hakym bar. — Ýöne men gazanjymyň baryny özümde goýmaga hakym bar — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Ýöne siz ýap-ýaňy: Men zordan güzeranymy aýlaýan diýipdiňiz, şonuň üçinem häzirki wagt size hiç zat degişli däl.

Siziň girdejileriňiz esasan hasaplaryňyzy ýapmak üçin gidýär. — Hüm… hawa… ýöne… — diýip, ýaş ýigit mydyrdady. — Adamlaryň aglabasy güzeranyny aýlamak üçin elmydama söweş guraýar, şonuň üçinem diňe hasaplaryny tölemek üçin işleýändirin öýdýärler — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi. — Bular ýaly adamlar durmuşda kän, sebäbi olar öz gazançlaryndan hiç zat goýman sowýarlar.

Eger siz Hakyky Baýlyk edinmek isleýän bolsaňyz, onda gazanjyňyzy bir bölegini aýryp, ony maýa edinmeli hemem işledip, hemişelik girdeji edinmeli. — Men häzirki ýagdaýda pulumdan artdyryp bilerin öýdemok — diýip, ýaş ýigit garşy çykdy. — Diýmek, siz çykdaýjylaryňyzy akylly-başly gözegçilikde saklap bileňizok — diýip, hanym Ormen aýtdy. — Maňa ynanaýyň, sizde puluňyzy tygşytlamaga mümkinçilik bar. — Belki, bardyr, ýöne muny aýtmak dilde aýtmak aňsat. — Ugruna ýykylsaň başartmajak zat ýok.

Siz ilki bilen gazanjyňyzyň on göterimi beýläňize süýşüriň.Näçe gazansaňyzam, ýok ýaly edip, onuň on göterimini aňryňyza atjak boluň.Muny öwreniň-de, endige öwüriň.Belki, munuň üçin käbir zatlardan ýüz öwürmeli bolarsyňyz, ýöne ahyrky netijesi muny edeniňe degýär. — Men size bir mysal getireýin — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi. — Aýdaly, siz hepdede 20 funt süýşürip bilýärsiňiz diýeliň, bu ýylda 1000 funt bolýar.

Siz muny göterimine goýsaňyz, ol ýylda 8 göterim girdeji berer.Siziň ýigrimi bäş ýylda 25000 funtyňyz bolar, onuň göteriminem goşsak 78950 funt bolar. — Dogrudanam? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Ýöne bu nähili beýle bolýar? — Göterimler örän çylşyrymly — diýip, hanym Ormen aýtdy. — Siz bir ýylda 1000 funtyňyzdan sekiz göterim girdeji alarsyňyz, ýöne indiki ýyl 2080 funtdan sekiz göterim girdeji alarsyňyz, sebäbi siz birinji göterimiňiziň göterimini alyp ugraýaňyz.

Olary hasaplap ugraýarsyň welin, puluň nädip köpelýändigine haýran galýarsyň.Meselem, siz otuz ýylyň dowamynda her ýyl 1000 funt süýşürip hemem onuň sekiz göterimine eýe bolsaňyz, hasabyňyzda 35000 funt goýdugyňyz bolýar, siziň hasabyňyzdaky pul bolsa 186000 funtdanam köpräk bolar. — Puluň hümmeti gaçsa näme? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Eger bahalar sekiz göterim galsa, siziň puluňyzam sekiz göterim berse, siz ýene başdaky ýagdaýyňyza gaýdyp gelmeýäňizmi näme? — Adalatly bellik — diýip, hanym Ormen razylaşdy. — Siz bütinleý mamla. Ýöne, hakykatda, puluň köpelme tizligi hümmetiniň gaçma tizliginden ozdurýar.

Men ýaňky agzan sekiz göterimmi çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamak bilen puluňy köpeldip bolýandygyny görkezmek üçin mysal getirdim.Elbetde, puluňy tygşytlap aňryňa atmak üçin ýörite bilim ýa-da bu barada bilýänlerden maslahat gerek.

Meselem, bu ugurda maksadyňyza ýetmek üçin şol zady dogry saýlap alaryňyz ýaly size malie maslahatçysy ýa-da hasapçy gerek.Onsoňam bu siziň girdejileriňize, maşgala ýagdaýyňyza, pul ýygnaýşyňyza hemem birnäçe wagtyň dowamynda eliňizdäki puly sowmakdan saklanyp bilşiňize bagly.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (40-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (31-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (33-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)