Eýranyň Kazyýetiniň başlygy, adam hukuklaryny talap edýänleriň çykyşlaryny tankytlady.
Eýranyň Kazyýetiniň başlygy "Golamhosein Mohsen Ežei", sişenbe güni 7-nji Yslam Adam Hukuklary we Adam Mertebesi baýragy gowşurylyş dabarasynda adam hukuklaryny talap edýänleriň çykyşlaryny tankytlady.
Mohsen Ežei, soňky birnäçe asyrda günbatar adam hukuklaryny talap edýänleriň taryhyna salgylanyp,olar Dünýäniň dürli künjeklerinde dürli bahana bilen köp jenaýat etdiler diýdi. Alžirde we Afrika ýurtlarynda, Hindistanda, Palestinade eden işlerini we jenaýatlaryny, Yrakda we Ýemende dowam edýärler diýip Eýranyň Kazyýetiniň başlygy "Golamhosein Mohsen Ežei"aýtdy.
Eýran Kazyýetiň başlygy sionistleriň Palestina topraklaryny basyp alandyklaryny we olary ýesir edendigini ýa-da düşelge äkidendiklerini aýtdy. Ýemene Hüjüm edenler , günbatarlylaryň kömegi bilen , Ýemeniň ezilen halkyny gurşap alýarlar diýip Mohsen Ežei"aýtdy.
Adam hukuklaryny talap edýän günbatarlylary, Mohsen Ežeiň tankytlamagy, Günbatar kolonial ýurtlaryň soňky birnäçe asyrda adam hukuklarynyň zyýanly taryhyny, şeýle hem Amerikanyň dünýä derejesinde Günbataryň lideri hökmünde eden jenaýatlaryny, esasanam Owganystana we Yraga edilen hüjümi göz öňünde tutsaň manysy bardyr.Angliýa we Fransiýa ýaly kolonial güýçler Hindistan we Alžir garaşsyz bolmanka bu sebitleriň adamlaryna garşy köp jenaýat etdiler.
Iň gyzykly ýeri, London we Pariž, bu jenaýatlara garamazdan, hemişe adam hukuklaryny toslaýarlar we indi Waşington bilen bilelikde beýleki ýurtlarda, esasanam Günbataryň agalygyna garşy çykýan ýurtlarda adam hukuklarynyň bozulmagyny ýazgarýarlar.
Emma häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlary adam hukuklary meselesini beýleki ýurtlara basyş etmek üçin gural hökmünde ulanmak bilen baglanyşykly iň köp çäreleri görýär.Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Günbataryň lideri hökmünde we dünýä polisiýasy hökmünde erkinligi we adam hukuklaryny goraýandygyny öňe sürýän beýleki ýurtlarda, esasanam ABŞ-nyň garşydaş we duşman ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada jikme-jik hasabat çap edýär.
Amerika dünýäde adam hukuklaryny iň uly bozýan hasaplanýar.Rus syýasy bilermen Andranik Migranyan: Amerika dünýäniň köp ýurtlaryndan has köp adam hukuklaryny bozýar diýýär.Bu kontekstde ýüze çykan sorag, Amerikanyň özüni aýratyn ýurt diýlip atlandyrylýan hasaplamak üçin haýsy aýratyn artykmaçlyklara eýedir?
diýip nygtady.
Amerikan hökümetiniň adam hukuklaryna hormat goýmak, şahsy we jemgyýetçilik hukuklaryny, azatlyklaryny we raýatlyk hukuklaryny goramak ugrundaky şygarlaryna garamazdan, Amerikan hökümetiniň dürli meseleler babatynda gödek we adamkärçiliksiz we diskriminasiýa çemeleşmesi bardyr; ýerli ilat, azlyklar we garaýagyzlar, gaçybatalga gözleýänler barada ABŞ adamkärçiliksiz amallary onuň ýalan talaplary görkezýär.