Adam hukuklaryny goraýjylar ÝHHG-niň maslahatyndan öň Türkmenistandaky bikanunçylyklara ünsi çekdiler

Adam hukuklaryny goraýjylar ÝHHG-niň maslahatyndan öň Türkmenistandaky bikanunçylyklara ünsi çekdiler

Merkezi Aziýaly adam hukuklaryny goraýjylar ÝHHG-niň adam ölçeg konferensiýasyna gabatlap sebitdäki aladaly tendensiýalar barada beýanat ýaýratdylar. Gurama agza döwletleriň resmileriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyndaky uly ýyllyk duşuşygy 30-njy sentýabr we 11-nji oktýabr aralygynda Warşawada geçiriler.

Merkezi Aziýada raýat giňişligi barha çäklendirilýär we raýat jemgyýetiniň wekilleri sebitde görlüp-eşidilmedik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýlip, Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy, Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy, Gazagystanyň adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça býurosy we Merkezi Aziýada adam hukuklary boýunça bileleşik tarapyndan bilelikde ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Gurmalar regionyň bäş ýurdunda söz we bileleşik azatlyklarynyň çäklendirilmegine degişli problemalary gozgaýarlar.

Maglumatda bellenişine görä, Türkmenistan internete girmegi çäklendirýän we resmi garaýyşlara garşy çykýanlary yzarlaýan berk senzurany saklaýar.

Adam hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi talap edýän raýat jemgyýetiniň aktiwistleri, adam hukuklaryny goraýjylar, žurnalistler we bloggerler yzarlanmalara sezewar edilýär, gözegçilik astyna alynýar, haýbatlara we hüjümlere sezewar edilýär, söz azatlygy, birleşmek we ýygnanyşmak azatlygynda peýdalanmaga synanyşýanlar tussag edilýär, olara azar berilýär we türmä basylýar diýlip, beýanatda bu ýagdaýyň Merkezi Aziýanyň ählisine degişlidigi aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň bellemegine görä, häkimiýetler tankydy raýatlary yzarlamak üçin Jenaýat kodeksinde söz azatlygyny çäklendiriji düzgünleri, şol sanda "galp", "töhmetli" maglumatlary ýaýratmak ýigrenji we ekstremizmi tutaşdyrmak ýaly aýyplamalary ulanýarlar. Käbir halatlarda adamlara garşy hilegärlik we kezzapçylyk ýaly galp aýyplamalary oýlap tapýarlar.

Syýasy sebäplere görä azatlykdan mahrum edilen adamlaryň ýagdaýy agyr we alada döredýär. Repressiýa sebitiň çäklerinden daşarda-da ýaýbaňlanýar, daşary ýurtlarda tankydy sesler transmilli yzarlamalara sezewar bolýar. Mundan başga-da, gorkuzmak we azar bermek köplenç maşgala agzalaryna hem degişli bolýar we sebitde gorky ýagdaýyny döredip, başgaça pikir edýänleri basýar.

Raýatlaryň bileleşmek azatlyklary çäklendirilýär. Gazagystanda we Gyrgyzystanda adamlaryň protest geçirmek ýüzlenmeleri ret edilýän bolsa, Türkmenistanda häkimiýetler öz-özünden dörän nägilelikleri basyp ýatyrýarlar we raýatlary hökümet çärelerine gatnaşmaga mejbur edýärler, boýun gaçyranlary, haýbat atyp gorkuzmaga çalyşýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň bilelikdäki beýanatynda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýagdaýyna aýratyn üns berilýär.

Gyrgyzystanda “daşary ýurt agentleri” diýlip atlandyrylýan kanunyň kabul edilmegi, Gazagystanyň daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän jemgyýetçilik guramalarynyň sanawynyň çap etmegi, Täjigistanda birnäçe ýüz jemgyýetçilik guramasynyň 2022-nji ýyldan bäri zor bilen ýapylmagy, Özbegistanda adam hukuklary guramalarynyň döwlet belligine alynmagy ýaly ýagdaýlaryň alada döredýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda bolsa hiç bir adam hukuklary guramasynyň hasaba alynmaýandygy ýa-da aç-açan iş alyp barmaýandygy bellenýär.

Adam hukuklary guramalary aladaly tendensiýalara ünsi çekip, Merkezi Aziýada raýat giňişliginiň barha çäklendirilýändigini we raýat jemgyýetiniň wekilleri sebitde görlüp-eşidilmedik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtaýarlar.

Adam Hukuklary boýunça Halkara Hyzmatdaşlyk (IPHR) we sebitdäki hyzmatdaşlar halkara jemgyýetçiligini bu aladaly tendensiýalary görkezmek we zulumly amallary bes etmek, raýat azatlyklaryny goramak üçin manyly özgertmeleri goldamaga e bar bolan platformalary ulanmaga çagyrýarlar.

ÝHHG-niň Adam ölçegi boýunça her ýyl Warşawada geçirilýän ýygnagy agza ýurtlarynda adam hukuklarynyň bozulmagyna degişli problemalary ara alyp maslahat etmek we çözgüt tapmak üçin döwlet resmileriniň we graždan jemgyýetiniň arasynda dialogy ýola goýmak üçin birleşdiriji platforma hasaplanýar. Emma beýleki ýurtlardan tapawutlylykda şu çaka çenli türkmen resmileri adam hukuklaryny goraýjylar we raýat aktiwistleri bilen dialogdan ýüz öwürip geldiler.

Dünýäde raýat azatlyklarynyň ýagdaýyna baha berýän CIVICUS Monitor barlaglaryna görä, Türkmenistan Merkezi Aziýada we dünýä derejesinde iň pes baha alan ýurtlaryň biri.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi
Polşanyň karary
Polşanyň howa giňişliginde üç sany näbelli jisim anyklandy
Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy