Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda graždan aktiwistlerine edilýän basyşy ýazgardylar

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda graždan aktiwistlerine edilýän basyşy ýazgardylar

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanda graždan aktiwistlerine görkezilýän basyşlary ýazgaryp çykyş etdiler.

“Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň ejesiniň jaýynyň daşlanmagy baradaky habaryň yzýany “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” (IPHR), Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial”, “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň hukuklary we azatlygy” atly gurama bilelikde beýanat ýaýradyp, tankyt bilen çykyş edýän adamlara täze haýbatlaryň atylmagy we olaryň yzarlanmagy baradaky maglumatlaryň aladalanma döredýändigi bellediler.

Habar berlişine görä, oktýabr aýynyň 28-den 29-na geçilen gije "Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň we “Hronika Türkmenistan” neşiriniň redaktory Farid Tuhbatullinyň ejesi, Türkmenistanyň ýaşaýjysy Halida Izbastinowanyň Daşoguzdaky öýi nämälim adamlar tarapyndan daşlandy, aýnalary döwüldi.

Hüjümiň netijesinde 76 ýaşly zenana zeper ýetmedi, emma ony gorkuzdy we tiz kömegiň çagyrylmagyna zerurlyk döredi.Bu hadysanyň yzýany başlanan derňewiň netije bermändigi beýanatda bellenýär.

Halkara guramalarynyň beýanatynda Halida Izbastinowa edilen hüjüm Türkmenistanyň häkimiýetleriniň öz adyna edilýän tankydyň öňüni almak boýunça edýän synanyşyklarynyň dowamy bolup durýandygy bildirilýär.

Türkmenistanda graždan aktiwistleri Galina Wertýakowa garşy basyşlaryň güýçlenendigi, Galina Kuçerenkonyň, Nataliýa Şabuntsyň, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň habarçylary Soltan Açylowanyň we Hudaýberdi Allaşowyň gözegçilik astynda galýandygy, Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussaglykda saklanýandygy bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi
Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar
Türkmenistan: aktiwistiň ejesine edilen hüjüm režimiň tankytçylaryna basyşyň gowşamazlygynyň fonunda alada döredýär
HRW Türkmenistanda türkmen aktiwistiniň ejesiniň öýüne edilen hüjümi ýazgardy
ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat
Haýwanlary goraýjy aktiwist Kuçerenko tussaglykdan boşadyldy