“Human Rights Watch” (HRW) adam hukuklaryny goraýjy 10 guramanyň türkmen häkimiýetlerinden, görnüşinden “daşary ýurt aktiwistleri bilen gatnaşyk saklandygy üçin galp aýyplamalar esasynda türme tussaglygyna höküm edilen Pygambergeldi Allaberdiýewi “dessine we şertsiz ýagdaýda azat etmäge” çagyrandygyny aýtdy.
22-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda HRW türkmen resmilerini Allaberdiýewiň tussaglygyny “ýatyrmaga” çagyrdy.
Balkanabatda nebit-gaz edarasynda ýurist bolup işlän Allaberdiýew huligançylykda we adama aram şikes salmakda günäli tapylyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
“Allaberdiýewe bildirilen aýyplamalar, sud diňlenişigi, şeýle-de muny gurşap alýan beýleki ýagdaýlar bu işiň syýasy matlaplydygyny açyk görkezýär” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Reýçel Denber belledi.
“Resmiler ony dessine azat etmeli we tussaglygyny ýatyrmaly” diýip, ol sözüne goşdy.
Allaberdiýewiň azat edilmegini talap eden guramalaryň arasynda: Bolgariýanyň Helsinki komiteti, Crude Accountability, Demokratiýanyň we Adam hukuklarynyň ösüşi boýunça Merkez, Türkmenistanyň Demokratik raýat bileleşigi, Freedom Files, HRW, Adam hukuklary boýunça Memorial merkezi, Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň Helsinki bileleşigi, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy topary hem bar.