Adam hukuklaryny goraýjy guramalar 20-nji oktýabrda Orsýetde ýitirim bolan türkmen oppozisiýa agzasy Azat Isakow Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edildi diýip, pikir edýärler.Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" we "Türkmen Helsinki fondy" guramalary ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Azat Isakowyň alyp baran işleri we ýitirim bolmagynyň jikme-jikleri barada habar berdiler.
Munuň öňýany Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Isakowyň Türkmenistana meýletin uçandygy barada resmi jogap berendigi milim boldy.Adam hukuklaryny goraýjylar, Isakowyň pasporty ýitirilip, dokumentiniň we Türkmenistana yzygiderli uçuşlaryň bolmadyk ýagdaýynda ýurduna uçup bilmejekdigine ünsi çekýärler.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň habaryna görä, oppozisioner dünýäniň iň repressiw ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilen bolmaly.
Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň resmi hatynda Isakowyň pasporty ýitirilen halatynda we yzygiderli uçuşlaryň bolmadyk ýagdaýynda ýurduna nädip uçup biljekdigi düşündirilmeýär. Tanyşlary, onuň soňky wagta çenli öz watanyna mejbury alnyp barylmagyndan çynlakaý gorkandygyny aýdyp, bu ýagdaýda onuň ýörite uçarlar bilen meýletin gidip bilmejegine ynanýarlar diýlip, adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkezi we "Türkmen Helsinki fondy" öz beýanatynda belleýärler.
9-njy maýda Russiýanyň häkimiýetleri bu ýurtda ýitirim bolan Isakowyň 22-nji oktýabrda meýletin Türkmenistana uçandygyny habar berdiler. Bu, 10-njy noýabrda "Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz onlaýn neşiriniň çap eden Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň türkmen oppozisioneriniň ykbaly baradaky soraga beren resmi jogabynyň tekstinde beýan edilýär.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, daşary ýurtda ýaşaýan türkmen protest hereketiniň aktiwisti Çemen Oräniň 1-nji noýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine hat iberendigini habar berdiler.
"Memorial" adam hukuklary merkeziniň habaryna görä, dekabr aýynda 38 ýaşyny doldurjak Azat Isakow birnäçe ýyl bäri Russiýada ýaşaýar. Ol 2019-njy ýyldan bäri türkmenleriň protest hereketine işjeň gatnaşýar, 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri internet kanallarynda öz ýurdunyň häkimiýetlerini tankytlaýar.
Resmi däl maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň iýunynda Isakow Türkmenistanda gözlenýänleriň sanawyna girizilipdir, onuň suraty "Watan dönügi" ýazgyly polisiýa bölüminde durupdyr diýlip, maglumatda aýdylýar.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri oppozisioneriň Türkmenistandaky garyndaşlaryndan onuň onlaýn çykyşlaryny bes etmegini birnäçe gezek talap edipdir, ýogsam "tapylar we jezalandyrylar" diýip duýdurypdyr. 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda ene-atasynyň öýünde ýaşaýan ähli garyndaşlarynyň telefonlary barlag üçin ele salnypdyr.
Iki günden soň hökümete tarapdar YouTube kanallarynyň biri häkimiýetleriň Isakowyň Russiýada nirede bolýandygyny bilýändigini habar beripdir.
Isakowyň kärdeşleri hem basyşa sezewar edilipdir.
"Memorial" Isakowyň öňki kärdeşleriniň hem onuň hereketini ýazgarýan wideo beýanatlaryny bermäge mejbur edilendigini habar berdi. Soň oppozisioner özüne elektron kanallar arkaly haýbat atylýandygyny habar beripdir. 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda ol öz tanyşlaryna howplaryň gaýtadan güýçlenendigini aýdypdyr, 15-nji sentýabrda polisiýa tarapyndan tussag edilip, iki günden soň boşadylypdyr.
Şeýle-de, maglumatda 2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Isakowyň türkmen dostlaryna ýaşaýan ýerine polisiýanyň barandygyny we özüniň gizlenmäge synanyşýandygyny habar berendigi aýdylýar. Şondan soň onuň bilen aragatnaşyk kesilipdir. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň beýanynda onuň işine gatnaşan we ozal Içeri işler ministrliginiň migrasiýa gullugy bilen aragatnaşyk saklan "Graždanskoýe sodeýstwiýe" guramasynyň wekillerine onuň bilen habarlaşmaga rugsat berilmändigi aýdylýar.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, Isakowyň başdan geçirýän ýagdaýy Moskwanyň Orsýetde gaçybatalga gözleýän türkmenistanlylar boýunça täze bir “oýun düzgünlerini”girizendigini görkezýär.
Ozal Merkezi Aziýadan gelen immigrantlar babatynda adam alyp gaçmak we gizlin ekstradisiýa etmek ýagdaýlary diňe Özbegistanyň we Täjigistanyň raýatlaryna degişlidi. Indi rus häkimiýetleri soňky ýyllarda ýörite gulluklary derejesinde ýakyn hyzmatdaşlyk etmedik Türkmenistan babatynda hem şeýle hereket alyp barýar diýlip, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň bilelikdäki beýanynda munuň beýleki türkmen bosgunlaryny ekstradisiýa etmek howpuny ep-esli artdyrýan täze ýagdaýy döredýändigi bellenýär.
“Memorial” guramasynyň web sahypasyndaky habarda Isakowyň ekstradisiýa edilmeginiň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda “uly oýnuň” bir bölegi bolmagynyň ähtimaldygy bellenýär. Türkmenistan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak kararyna gelen wagtynda Moskwa guramanyň sammitiniň öňüsyrasynda Aşgabady özüniň Ankaradan has ygtybarly ýaranydygyna ynandyrmaga synanyşýan bolmagy mümkin diýlip, adam hukuklaryny goraýjylaryň beýanatynda aýdylýar.
Azatlygyň çeşmeleri ozal Türkiýede ýaşaýan we görlüp-eşidilmedik basyşa sezewar bolan türkmen aktiwistlerine görkezilýän gysyşyň Ankaranyň Aşgabady türk geňeşine çekmek synanyşygy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürüpdi.
Açlyk, işsizlik, koronawirusdan ölümiň köpelmegi ýaly aç-açan agyrlaşan sosial-ykdysady meseleleriň Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan ykrar edilmezligi ýurtda nägileligi artdyrýar we daşary ýurtly türkmen raýatlarynyň garşylyk hereketini güýçlendirýär. Häkimiýetler bolsa, bolup geçýän wakalara aktiwistlere repressiýa we azar bermek bilen jogap berýärler.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.