2-nji noýabrda adam hukuklaryny goraýan 33 sany gurama Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň haýyşy bilen Türkiýäniň hukuk goraýjy edaralarynyň basyş edýän türkmen aktiwistlerini goldap iňlis we rus dilinde beýannama ýaýratdylar.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar deportasiýa merkezlerindäki türkmen raýatlaryny boşatmagyny we olaryň Türkiýede galmak durumyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik bermeklerini, şeýlede Türkiýäniň çäginde türkmen aktiwistlerine edilen hüjümler we haýbat atmalar barasynda derňew geçirmeklerini türk häkimiýetlerinden talap edýärler.
Şol beýannama gol goýan guramalaryň arasynda Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýän “Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy”, “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy”, “Türkmenistanyň demokratik raýat bileleşigi”, “Türkmenistanyň garaşsyz hukukçylar assosiasiýasy”, “Türkmen.news”, şeýlede “Memorial”, düýbi ABŞ-daky halkara “Human Rights Woç” guramasy, ”Freedom Now”, “Crude Accountability” toparlary hem bar.
Adam hukuklaryny goraýan 33 sany guramanyň gol goýan beýannamasynyň rusça mazmuny bilen aşakdaky çelgiden tanyşyp bilersiňiz.The post Adam hukuklaryny goraýan 30-dan gowrak gurama türkmen aktiwistlerine basyşyny bes etmegini Türkiýäniň häkimiýetlerinden talap edýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.