BMG-nyň Adam hukuklary komiteti (AHK) Türkmenistanyň 8-9-njy martda BMG-nyň raýat we syýasy hukuklar baradaky konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirişi baradaky ikinji döwürleýin hasabatynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijelerini jemledi diýip, “Gündogar” habar saýty habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, BMG-nyň Adam hukuklary komiteti Aşgabadyň hasabaty boýunça gutarnykly netijeleri çap etdi we Türkmenistanyň hökümetine bir topar rekomendasiýa berdi.
Konwensiýada kabul edilen düzgünleri ýerine ýetirmek boýunça konstruktiw dialogyň gaýtadan açylmak mümkinçiligine hoşallyk bildirip, şeýle-de birnäçe kanunçylyk we syýasy çäreleriň, hususan-da konstitusiýanyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegini pozitiw pursat hökmünde belläp, AHK alada döredýän esasy meseleleri jikme-jik beýan etdi we öz rekomendasiýalaryny berdi.
Ilkinji nobatda Komitetiň ozalky hasabat ara alnyp maslahatlaşylandan (2012-nji ýylyň 15-16-njy marty) soň beren rekomendasiýalarynyň Türkmenistan tarapyndan köplenç halatda ýerine ýetirmändigi, soralýan maglumatlaryň berilmändigi bellenildi. Şu sebäpden AHK köplenç ýagdaýda, hukuk goraýjy guramalar tarapyndan hödürlenen alternatiw hasabatlardan toplanan goşmaça malumatlary hem gapdalyna goşup, ozalky beren rekomendasiýalaryny gaýtalaýar.
Hususan-da iş ýüzünde diskriminasiýanyň dürli görnüşlerinden, şol sanda seksual ugurly we gender esasyndaky diskriminasiýadan, şeýle-de aýallara garşy zorluklardan, maşgaladaky içerki kemsitmeden we seksual zorlukdan goranmagyň degerli we netijeli goragyny üpjün edýän mehanizmiň ýokdugy bellenilýär.Şeýle-de Komitet ekstremizme aşa giň kesgitleme berilmeginden, bu ýagdaýyň adamalaryň Konwensiýada berkidilen raýat we syýasy hukuklaryny eden -etdilikli we bimöçber çäklendirilmegine getirmeginden alada bildirdi.
Türkmenistanda adam gynalmagynyň we ýaşyrynlykda tussag astynda saklamagyň ulanylmagyndan, şeýle-de sud edilen we tussag astyna alnan adamlaryň bir toparynyň zorlukly ýitirim edilmegi baradaky maglumatdan ýene bir gezek alada bildirildi.
Komitet Türkmenistanyň bu faktlara hiç hili düşündiriş bermändigini, gürrüňi edilýän adamlar, şol sanda ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow (ol Komitet tarapyndan zorlukly ýitirim edilmegiň pidasy diýlip ykrar edilipdi) hakynda hiç bir maglumat bermändigini nygtady.
AHK öz jemleýji belliklerinde Türkmenistanda tussaglaryň saklanylýan ýerlerinde yzygiderli we garaşsyz monitoring sistemasynyň ýokdugyna, tussaglaryň hukuklarynyň bozulýandygy baradaky şikaýatlara seretmek we günäkärleri sud jogapkärçiligine çekmek hem-de pidalara doly kompensasiýa tölemek boýunça netijeli mehanizmiň ýola goýulmandygyna ünsi çekýär.
Komitet pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň giňden ulanylmagyndan, hereket azatlygynyň eden-etdilikli çäklendirilmeginden, ýaşaýan ýeriňe hökmany suratda ýazylmak (propiska) düzgüniniň saklanylmagyndan, şeýle-de mejbury göçürmek we adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryny ýykmak praktikasynyň giňden ulanylýandygy baradaky faktlardan alada bildirýär.
Jemleýji belliklerde sud sistemasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetlerden garaşsyz ýagdaýda işläp bilmezligi bilen bagly problemalara, kanun goraýjy organlaryň işgärleriniň arasynda giň ýaýran korrupsiýa, sud, derňew çäreleri mahalynda entek sud edilmedik adama bigünä hökümnde garalmak düzgüniniň bozulmagyna, şeýle-de döwlet gulluklarynyň raýatlaryň şahsy durmuşyna eden-etdilikli gatyşmagyna: telefon gepleşikleriniň diňlenmegine, “komendant sagadynyň” girizilmegine, internet gözegçiligine, sud organlary tarapyndan ygtyýar berilmezden adamlaryň şahsy durmuşy barada maglumat toplanmagyna we beýlekilere aýratyn üns berlipdir.
Şeýle-de, maglumat almak we ýaýratmak, wyždan we dine ynanmak, ýygnanyşmak, birleşmek we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak azatlyklarynyň çäklendirilmegi boýunça ýol berilýän düzgün bozmalar AKH-nyň köp nägileligine sebäp bolupdyr.
Türkmenistan raýat we syýasy hukuklar boýunça halkara konwensiýanyň düzgünlerini berjaý edişi baradaky indiki hasabatyny 2020-nji ýylyň 29-njy martynda berer. AHK bu hasabata şu jemleýji belliklerde berlen rekomendasiýalaryň we umuman Konwsensiýanyň düzgünleriniň berjaý edilişi boýunça täzelenen maglumatlaryň girizilmegini berk talap edýär.
Çeşme: Gündogar