Adam hakyndaky alada ‑ döwlet syýasatynyň baş ugry

Şypahana-dynç alyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, jemgyýetiň hem-de her bir adamyň döredijilik başarnyklaryny has doly açmaga ýardam berýän oňaýly durmuş gurşawyny kemala getirmekde bu ulgamyň ornunyň pugtalandyrylmagy Saglyk Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, her bir raýatymyzyň göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, adam hakyndaky aladanyň esasy bolup durýandygynyň şaýadydyr.Adam hakyndaky alada bolsa milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde, häzirki wagtda her bir türkmenistanly ýeke bir tomusky dynç alyş döwründe däl-de, ýylyň islendik paslynda göwnejaý dynç almak hem-de saglygyny berkitmek mümkinçiliklerine eýedir. Diýarymyzyň iň täze ýörite enjamlar hem-de öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen üpjün edilen şypahana we dynç alyş merkezlerinde, şol sanda maşgala bolup, wagty peýdaly geçirmek hem-de saglygy berkitmek üçin ähli amatly şertler döredilendir. Şypahana-dynç alyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, jemgyýetiň hem-de her bir adamyň döredijilik başarnyklaryny has doly açmaga ýardam berýän oňaýly durmuş gurşawyny kemala getirmekde bu ulgamyň ornunyň pugtalandyrylmagy Saglyk Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze saglyk maksatly binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, paýtagt şäherimizde we welaýat, etrap merkezlerinde lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk merkezleriniň gurulmagy, sport mekdepleriniň, stadionlaryň ulanylmaga berilmegi ilatyň ýaşaýyş hiliniň ýokarlanmagyna ýardam berýän şertlerdir. Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýulýar. Şypahana ulgamy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar.

Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Ýurdumyzyň özboluşly howa gurşawy şypahana düzümini ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär.

Dürli tebigy aýratynlyklar ýurdumyzyň halkara derejesindäki şypahana ulgamyna öwrülmegine mümkinçilik döredýär.Türkmenistanyň baý dynç alyş serişdeleri şypahana-dynç alyş işini güýçli depginler bilen ösdürmäge şertleri döredýär.Soňky ýyllaryň dowamynda bu ulgamyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde öz mümkinçiliklerini we serişdelerini ep-esli ýaýbaňlandyrdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejelerine laýyk gelýän köp görnüşli hyzmatlary hödürleýän ajaýyp şypahana-dynç alyş edaralary, dynç alyş öýleri, sagaldyş merkezleri işleýär.Türkmenistanyň tebigy-bejeriş baýlyklaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak boýunça ylmy-gözleg işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan melhemler mekany atly kitaby Türkmenistanyň tebigy-bejeriş baýlyklaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak boýunça ylmy-gözleg işi nukdaý nazardan ýurduň dynç alyş mümkinçiligi bilen giňişleýin tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem meşhur bolan, täsin howaly, mineral çeşmeli we bejeriji palçykly Mollagara, Awaza, Arçman, Baýramaly, Ýyly suw, Berzeňňi, Farap, Daşoguz ýaly şypahanalara ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanmasy barha artýar. Milli lukmançylygy düýpli ösdürmekde, ony ýokary derejelere çykarmakda Türkmenistanyň Prezidenti, akademik, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan Saglyk Döwlet maksatnamasy möhüm orun eýeleýär.

Maksatnamanyň 25 ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylmagy netijesinde netijeli jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy emele geldi.Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda sagdyn iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden el çekmek, zähmeti we dynç alşy utgaşdyrmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak ýaly ugurlar berkidilýär.

Bu çäreler adam ömrüniň uzalmagyny, keselçiligiň derejesiniň peselmegini üpjün etdi. Şeýle hem raýatlaryň öz saglygyny goramak babatda sowatlylyk düşünjesi ýokarlandy.Açyk gapylar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň lukmançylyk hem-de ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklar ýola goýuldy we işjeňleşdirilýär.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan syýasaty netijesinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribeleriniň esasynda ýurdumyzda saglygy goraýşyň milli ugruny kemala getirmekde oňyn netijeler gazanyldy.

Munuň özi dünýäniň köp ýurtlary üçin nusgalykdyr. Häzirki döwürde jemgyýetde abadançylygyň ýokary derejesiniň gazanylmagy, ýagny ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagy işjeň dynç alyş hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň hödürlenmegine şert döredýär. Şunda ýurdumyzda iri maksatnamalary amala aşyrmagyň esasynda döredilýän durmuş-medeni şertler raýatlaryň ruhy islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrylmagyny üpjün etmek bilen, olar milli ykdysadyýetimiziň ösen derejesine hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilata edilýän hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baý, täsin dikeldiş serişdeleriniň, ajaýyp tebigy künjekleriniň Türkmenistany meşhur halkara sagaldyş we syýahatçylyk merkezine öwürmäge ýardam edýändigini belleýär. Milli Liderimiz, ozaly bilen, ýokary derejeli lukman hem-de alym hökmünde dynç almagyň saglygy berkitmek bilen utgaşdyrylmagynyň öndürijilikli işlemek üçin uly ähmiýete eýedigini oňat bilýär. Şunda döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň ähmiýetine ünsi çekýär. Bu gün paýtagtymyzda we Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap bedenterbiýe-sport toplumlary we beýleki ugurdaş desgalar hereket edýär, ýurdumyzyň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ählisinde sport meýdançalary, ýüzülýän suw howdanlary we dürli türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-zallar göz öňünde tutulandyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilýän medeni-dynç alyş merkezlerinde, sport we sagaldyş toplumlarynda ösüp barýan ýaş nesilleriň öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilen Altyn kölüň kenaryndaky dynç alyş zolagy hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berýär. Umuman, zähmet rugsady döwründe aňrybaş amatly şertlerde dynç almak hem-de wagty peýdaly geçirmek, ene topragyň gujur-gaýrat berýän täsirinden döredijilikli zähmet üçin täze güýç toplamakda Türkmenistanda ähli şertler we mümkinçilikler bar.

Ýene degişli makalalar

Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany
Saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly forumlara 30-dan gowrak ýurtdan myhmanlar gatnaşdylar
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Saglygy goraýyş ulgamynyň binýady berkidilýär
Awaza ajaýyp deňiz merjeni
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugry