Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugry

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda adam hakdaky alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu alada ilkibaşda saglyk hem-de durmuş ugurlaryny gurşap alýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş pudagyna gönükdirilýär. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim, saglygy goraýyş ýaly pudaklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuş maksatly binalaryň, hususan-da kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy babatda köp alada edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylýandygyny bellemegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak işinde döwrebap saglygy goraýyş edaralary bilen bir hatarda şypahana ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän şypahanalar ýylyň dört paslynda-da hereket edýär.

Häzirki dowam edýän gyş aýlarynda hem ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň paýtagtymyz Aşgabada golaý ýerde ýerleşýän, dag tebigaty bilen özüne çekýän Bagabat şypahanasyna barmaklary hem ýokarda aýdylanlara doly subutnama bolup durýar. Ýurdumyzyň çägindäki Awaza, Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Mollagara, Farap, Baýramaly, Daşoguz ýaly şypahanalar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryldy.

Bu saglyk ojaklary öz saglyklaryny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejede, dünýä ülňülerine laýyk hyzmat etmekde ähli mümkinçiliklere eýedir.

Mälim bolşy ýaly, Bagabat şypahanasy geçen ýyl ulanylmaga berildi. Şypahananyň açylyş dabarasyna milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagy ilatymyzyň saglygy ugrunda edýän atalyk aladalarynyň subutnamasydyr.Bu şypahana dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleri we beýleki keseller boýunça şypa paýlaýar.

Bu ýeriň mineral suwlary hem peýdalydyr.Olar daýanç-hereket ediş ulgamynda näsazlygy bolan adamlar üçin niýetlenen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen gidroterapiýa bejergisinde giňden peýdalanylýar.Bu ýerde geçirilýän ýokary netijeli türgenleşikler bogunlara we ýürege düşýän agramy peseldýär, şeýlelikde, näsag bedenine agram bermezden güýç toplap bilýär.

Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Rejepmuhammet NURMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň uly mugallymy.

The post Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugry appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany
Awaza ajaýyp deňiz merjeni
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze...
Saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly forumlara 30-dan gowrak ýurtdan myhmanlar gatnaşdylar