Adam balasy — iliň lälesi

Adam balasy — iliň lälesi

Çaga — durmuşyň güli.Halkymyz maşgalada köp çagalylygy ileri tutýar.Gadymy döwürden bäri ene-mamalarymyz şaý-sepleri çagalara owadanlyk we daşky täsirlerden goramak üçin dakypdyrlar. Çaganyň tahýasyna gözden-dilden gorasyn diýip, guş-gumrularyň käbiriniň, aýratyn-da hüwiniň ýeleklerini berkidipdirler.

Tumar köplenç üçburçluk edilip, köýnegiň ýakasynyň sag tarapyna çatylypdyr.Kähalatlarda tumarlar arçadan ýada nar agajyndan hem ýasalypdyr.Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän obalarda tumarlar borjak we ýemşen atly gyrymsy agaçlardan taýýarlanylypdyr Gyzjagazlaryň köýneginiň ýakasynyň iki tarapyna çapraz-çaňňa, oglanjyklaryňka kümüş ilik dakylypdyr.

Mundan başgada olaryň donunyň eteklerini, ýeňini teňňeler, tegelek kümüş çaňňalar bilen bezäpdirler. Ýelek örän bezegli geýim bolup, ol çagalara köplenç halatlarda baýramçylyklarda, maşgala dabaralarynda ýa-da myhmançylyga gidilende geýdirilipdir.

Zergärlerimiziň şaý-sep ýasanlarynda kümşe ýykgyn edendikleri aýratyn bellärliklidir.Kümüş mörjewleri ýok edýär, suwy durlaýar. Çaga lybaslaryna dakylan kümüş teňňeler hem olary dürli ýokanç kesellerden gorapdyr.Ata-babalarymyz çagalary dürli şaý-sepler bilen bezänlerinde olaryň saglygyna oňaýly täsir etmegi we adatdan daşary ýagdaýlarda öz dowamatlarynyň goragly bolmagyny göz öňünde tutupdyrlar.

Ogulhan BAZAROWA

Ýene degişli makalalar

Miras Jewellery Täze ýyl mynasybetli aýratyn bezeg şaýlarynyň toplumyny hödürleýär
Aşgabatdaky Gold Palace şaý-sepleriň dükany dünýäniň tejribeli zergärleriniň ýasan bezeglerini hödürleýär
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Artyk ady bilen adygan
Sergide şekillendiriş sungaty eserleriniň ähli görnüşi görkezilýär