Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýerleşýän Ýewropa Parlamentinde “Adalatly Dünýäniň Gurulmagy Mümkin” atly maslahat geçirdi.
Maslahatda BMG-nyň düzümindäki kemçilikler we olaryň ortadan aýrylmagy üçin degişli kanuny üýtgetmeleriň girizilmegi boýunça pikir alyşyldy.
Maslahata Ýewropa ýurtlaryndan gatnaşan bilermenler giň gerimli täze model üçin dürli teklipleri hödürlerdi.
ÝB-niň, Kommunikasiýalardan we jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan jogapkär ýolbaşçysy Joanny Magdaliniň ýolbaşçylyk etmeginde BMG-nyň häzirki düzüminiň täze howplary çözüp bilmeýändigini ara alyp maslahatlaşan bilermenler, Prezident R. T. Erdoganyň “Adalatly dünýäniň gurulmagy mümkin” atly kitabynda ünsi çekýän garaýyşlary hakynda hem pikir alyşdy.
TRT Worldyň Daşary syýasat boýunça bilermeni Ýufus Erim, BMG-nyň häzirki düzümi bilen bosgunlar, terrorizm we howanyň üýtgemegi ýaly halkara meseleleri çözüp bilmeýändigine ünsi çekdi.
Ýusuf Erim, Afrika we Günorta Amerika ýurtlarynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik wekilhanalarynyň bolmalydygyny belledi.
ÝB-niň Syýasat we Strategik gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy, syýasy analitik Ipek Tekdemir hem ÝB-niň dünýä ulgamynyň has adalatly ýagdaýa getirilmegi üçin öz garaýşyny beýan etdi.
Ýewropanyň Konserwatorlary we Reformaçylar partiýasynyň ozalky başlygy Riçard Milson hem 70 ýyllyk dünýä ulgamynyň täze howplaryň ortadan aýrylmagyny ýola goýup bilmeýändigini aýtdy.
Ýewropanyň Goňşuçylyk geňeşiniň ýolbaşçysy Samuel Doweri Westeri, Türki Döwletleriň Guramasy ýaly pozisiýasy gün saýyn güýçlenýän guramalaryň bu meselede uly rol oýnaýandygyny belledi.
NATO we beýleki ylmy barlag guramalary üçin Strategik analitik we syýasy geňeşçi Maurize Geri hem, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde sesleriň köplügüne garşy weto hukugynyň ulanylmagynyň, demokratik ulgama bap gelmeýändigini ýatlatdy.