Adalat ministri Abdulhamit Gül, Ankarada saparda bolýan Azerbaýjanyň Adam hukuklary boýunça komisary Sabina Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti kabul etdi.
Adalat ministrliginden berlen beýannama görä, duşuşykda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde dürli hukuky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýannamada “Iki döwlet bir millet” şygaryna laýyklykda özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna üns çekilendigi nygtaldy.
Beýannamada “Ministr Gül, Ermenistanyň Ýokary Garabag söweşinde adam hukuklarynyň basgylanmagy barada taýarlanan habarnama üçin sagbolsun aýtdy. Halkara derejesinde habarnama bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini nygtap, Azerbaýjanly wekiliýetiň guran saparyna hoşallyk bildirdi” diýildi.