Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar

Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar

Türkmenistanda ýoly baglanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirilen garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa öýüne goýberlenden soň, ilkinji gezek köpçülikde peýda boldy.

Garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasynyň” YouTube sahypasynda çap edilen wideo çykyşynda 75 ýaşly žurnalist öz başdan geçirenlerini gürrüň berip, munuň bilen bagly türkmen prezidentini we onuň kakasyny aýyplady.

“Biziň Aşgabatdan Ženewa uçmaly günümiz ir sagat 6:30-da dört sany ak halat geýnen KNB-niň [MHM-niň] işgäri üstüme dökülip, meni zorluk bilen Tiz kömek ulagynda ýokanç keselliler hassahanasyna alyp gitdiler.

Bizi alty günläp gulp astynda sakladylar.Baran günümiz, bizden gan hem-de burun boşlugyndan suwuklyk alyp, analiz etdiler” diýip, žurnalist 14 minuda golaý wideo çykyşynda belleýär.

Žurnalist Martin Ennals gaznasynyň dabarasyna gatnaşmak üçin, 20-nji noýabrda ir bilen Aşgabatdan Ženewa uçmak üçin aeroporta gitmezden öň, ak halatly adamlar tarapyndan öýünden Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasyna zor bilen alnyp gidildi.

Lukmanlar uly ýaşly zenanyň ýokanç kesele ýolukmakda güman edilýändigini we onuň gyssagly hassahana barlagyndan geçirilmelidigini aýtdylar.

Žurnalistiň tassyklamagyna görä, ak halatly adamlar öýüne gelmezinden öň, onuň we maşgala agzalarynyň mobil aragatnaşygy, şol sanda Interneti öçürildi.

“Meniň öýüme gelen myhmanyň ýarawsyz tapan gününden soň, iki günläp [gyzym] Maýa meniň öýüme gelmändi. Olar Maýany hem kontaktda bolduň diýip, südürläp alyp gidipdirler” diýip, žurnalist gyzy Maýanyň we onuň adamsynyň hem alty günläp hassahanada saklanandygyny belleýär.

Açylowa hem-de onuň gyzy we giýewisi 25-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda hassahanadan boşadyldy. Olarda hiç hili ýokanç kesel tapylmandyr. Muňa garamazdan, žurnalistiň kwartirasynda irden zyýansyzlandyrma işleri geçirilipdir.

“Hassahanada bolan üç günümiziň dowamynda biz aç-suwsuz oturdyk. Soňky üç günde bize bolar-bolmaz nahar hödürlediler. Emma biz olaryň bolgusyz naharlaryndan hem-de hödürlän däri-dermanlaryndan boýun towladyk. Alty günden soň, ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň tagallasy bilen, bizi öýe goýberdiler” diýip, garaşsyz žurnalist belleýär.

Ol bu çäreleriň özüniň halkara baýragy almak üçin ýurtdan gitmeginiň öňüni almak maksady bilen, prezident Serdar Berdimuhamedow, onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we beýleki döwlet ýolbaşçylary tarapyndan gurnalandygyny hem aýdýar.

“Bu bizi Ženewa goýbermezlik üçin öňünden ýörite planlaşdyrylyp gurnaldy. Bu jenaýat indi ikinji ýyl gaýtalanýar. Geçen ýyl hem men Ženewa gidip, Martin Ennals baýragyny almaly bolanymda, Aşgabadyň aeroportunda biziň pasportlarymyzy bilkastlaýyn zaýalap, bizi uçara goýbermediler. Bu ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň görkezmesi bilen ýörite gurnalýar” diýip, Açylowa aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň öňki habarçysy, häzir düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bilen hyzmatdaşlyk saklaýan Açylowa geçen ýyl hem Şweýsariýa gitmek üçin ýurtdan çykjak bolanda, ýolundan saklanypdy.

Açylowa Türkmenistanyň içinde awtoritar hökümeti tankytlaýan ýeke-täk žurnalistdir. Soňky onýyllygyň dowamynda ol tussaglyk, haýbatlar, fiziki hüjümler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Žurnalist we onuň goldawçylary hökümetiň munuň bilen onuň işi üçin ar alýandygyny aýdýarlar.

Açylowanyň ýolundan saklanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly soňky waka hukuk toparlary, şol sanda Human Rights Watch guramasy, Halkara adam hukuklary hyzmatdaşlygy (IPHR) we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary, şeýle-de ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýazgaryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Hukuk goraýjylar zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Hukuk toparlary, ýerli ýaşaýjylar hukuk goragçysynyň zor bilen hassahana ýerleşdirilmegini ýazgarýar
Hukuk goraýjy guramalaryň ÝB-Türkmenistan dialogyna beýanaty
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi
Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar