'Açyk gapylaryň' ýapyk galmagy maşgala gymmatlyklaryny synaga salýar

'Açyk gapylaryň' ýapyk galmagy maşgala gymmatlyklaryny synaga salýar

Ilatynyň internet elýeterliligini, hereket azatlyklaryny çäklendirmegi dowam etdirýän Türkmenistan dünýäde iň bir ýapyk ýurtlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilmekden ýadana meňzemeýär.Ilat ýazuwynyň resmi netijeleriniň yglan edilmegi bilen, ilat sanynyň 7 million adamdan geçendigi baradaky habarlaryň arasynda, bu ýyl birinji klasa 2017-nji ýylda doglan çagalaryň kabul edilmegi ýapyklyk şertlerinde çuňlaşýan ykdysady çökgünligiň ýurtda dogulýan çagalaryň sanyna hem täsir ýetirendigini görkezdi.

Azatlygyň habarçysy bu ýyl birinji klasa barmaly çagalaryň öňki ýyllara garanda az bolandygy baradaky maglumaty döwlet edaralaryndaky, şol sanda bilim ulgamyndaky çeşmelerden aldy. Ýöne ýurtdaky demografik meseleleri, şol sanda ozalky maşgala gymmatlyklarynyň 'arzanlamagyny' ykdysady kynçylyklar bilen bir hatarda, jemgyýetdäki deňsizligiň ulalmagy, adamlaryň indi beýle şertlerde maşgala gurmak, köp çaga edinmek islemezligi bilen baglanyşdyrýan synçylar hem bar.

Bu ýagdaýdan alada galýan häkimiýetler faktlary ýaşyryp, aglaba köpçüligiň mätäçlikde ýaşaýandygyny boýun alman, mediada güýçlendirilýän maşgala wagyzlaryndan haraý gözleýärler.

Soňky onýyllyklarda köp çagaly maşgalalaryň gitdikçe azalýandygy we ýene azaljakdygy görnüp duran hakykat, muny häkimiýetler hem örän gowy bilýär, metbugatda maşgala gymmatlyklary, aýal-gyzlar we türkmençilik, däp-dessurlary gorap saklamak we asyllylyk terbiýesi barada edilýän umumy gürrüňler alaçsyzlygyň alamaty, indi ýurduň demografik ösüşine howp salýan çynlakaý ýagdaýlar barada açyk gürrüň edilmegi gerek diýip, raýat aktiwisti we synçy Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň habarçysy soňky ýyllarda köp çagaly maşgalalaryň azalýandygy barada aýdylýanlary tassyklap, häzir durmuş gurýan ýaş maşgalalaryň diňe şäher ýerlerinde däl, oba, etrap ýerlerinde hem iki-üç çagadan köp çagaly bolmak islemeýändiklerini aýtdy.

Habarçy bilen gürleşen ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda adamlaryň aladasy soňky ýyllarda çaga ulaldygyça ulalýar we indi maşgala guranlar isleseler-de, islemeseler-de, öz ene-atalarynyň döwründäki ýaly sosial goraglylygyň ýa-da deňligiň bolmajakdygyny bilip, çaga edinmek ýa entek biraz garaşmak meselesinde gaty çynlakaý oýlanmaly bolýarlar.

Mesele diňe garyplykdamy?

Synçylaryň käbiri ene-atalary oýlandyrýan meseläniň diňe ykdysady kynçylyklarda hem däldigini, sebäbi ykdysady kynçylyklaryň sowet döwründe, ondan öňem az bolmandygyny, emma adamlaryň çaga edinmek isleginiň häzirkisi ýaly pese gaçmandygyny aýdýarlar.

Olaryň pikiriçe, esasy mesele ene-atalaryň köpüsiniň öz çagalarynyň kemsinmegini, kemsidilmegini, okuwsyz, bilimsiz galyp, özleri ýaly garyp, mätäç ýagdaýda ýaşamagyny islemezligi, ýagny jemgyýetdäki adalatsyzlykdan, deňsizligiň barha ýokarlanmagyndan gorkmaklary bilen bagly.

“...çaga ulalyp başlanda, ene-atanyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary hem ulalyp başlaýar, olar çaganyň geljegi üçin has çuňňur pikir edip başlaýarlar.Durmuş olary pikir etmäge mejbur edýär.

Bu ozal edil häzirkisi ýaly ýiti mesele däldi diýip pikir edýärin. Öz ene-atamyň meniň geljegimi edil meniň öz çagalarymyň geljegini alada edişim ýaly alada etmändigini gowy bilýärin, muny açyk aýdyp biljek.

Indi adamlar okuwsyz, işsiz adamlaryň nähili agyr ýagdaýlara düşüp bilýändigini gowy bilýärler” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşmäge razy bolan ýaşaýjy aýtdy.

Bu pikiri radionyň ýene bir söhbetdeşi tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, ozal adamlar işsizlik, mekdebi tamamlap, hökman ýokary bilim almak hakynda edil häzirki ýaly kän pikir etmezdiler, okap bilen okardy, okap bilmedik, tapan işine girip, derrew öýlenmek ýa durmuşa çykmak, öý-işik, çagaly-çugaly bolmak pikirini ederdi.

Şeýle-de, söhbetdeşimiziň pikiriçe, ozallar mekdebi tamamlan ýaşlaryň ýokary bilim almak ýa hünär mekdebini tamamlamak, işe ýerleşmek mümkinçiligi häzirkisinden köpräkdi, parahorlugyň möçberi azrakdy.

“Bir tarapdan pulsuzlyk, garyplyk basmarlaýar, ikinji tarapdan orta mekdebi tamamlan çagasyny her edip, hesip edip, hökman ýokary okuwa ýerleşdirjek bolýan adam köpelýär.Bu, belki-de, parahorlugy köpeldýän faktorlaryň biridir.

Emma çaga ýokary bilim berjek bolsaň, uly para bermeli.Para bermeseň, instituta kabul etmeýärler. Ýöne ýokary okuw jaýyny tamamlap, eliňe diplom alaňsoň, alan bilimiňe laýyk işe ýerleşmek üçin ýene-de uly para bermeli.

Ogluň bolsa, ony il deňinde öýermek hem uly harajat talap edýär.Bulary etjek bolsa, ene-ata telekeçilik etsin ýa-da döwlet işinde işlesin, tapawudy ýok, olaryň her aýda alýan girdejisi 10-15 müň manat bolmaly.

Eger maşgala býujetine aýda şonça pul gelip dursa, öňde goýan maksatlaryňa tapgyrlaýyn ýetip bolýar.Emma häzirki aýlyklar bilen bu arzuwlara ýetip bolmaýar“ diýip, söhbetdeşimiz maşgala býujetiniň esasy meseleleriň biri bolup galýandygyny nygtady.

Gurluşyk bolçulygyndaky jaý gytçylygy

Ene-atalary uly alada goýýan ýene bir uly mesele bolsa, öýlenen, durmuşa çykan çagalarynyň özbaşdak jaýly, aýry öý-işik bolmak arzuwy bilen bagly. Gerekli ýa gerekmejek gurluşyklara harçlanýan milliardlarça dollar serişdä garamazdan, soňky ýyllarda ýaş maşgalalar üçin jaý salmak ýa-da jaý satyn almak ençeme esse kynlaşdy diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.

Pikirini paýlaşan ýaşaýjylaryň biri häzirki şertlerde türkmençilik däplerini saklamagyň, hususan-da ene-atalaryň çagalarynyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmeginiň juda kynalandygyny aýtdy.

“Türkmençilikde çagany durmuşa taýýarlamak, oňa ýokary bilim bermek, soň ony öý-işikli etmek ene-atanyň borjy diýlip bilinýär. Şu sebäpden adamlar özlerini ikinji orna süýşürip, çagalary üçin ýaşap başlaýarlar, pul ýygnap, olara kömek etjek bolýarlar.

Emma soňky ýyllarda, pullary bolmansoň, ogullaryny öýerip bilmeýän maşgalalar köpeldi.Olaryň käbiri ogluna “öz günüňi gör, biziň ýagdaýymyzy görüp dursuň, saňa kömek etmäge gurbumyz çatanok” diýýär. Çagalary kämillik ýaşyna ýeten maşgalalaryň arasynda, maşgalada işläp biljek adamlaryň köpelendigine garamazdan, işsizlik, aýlyklaryň azlygy zerarly, has hor ýaşaýanlary hem bar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň pikiriçe, Türkmenistandaky maşgala durmuşyna indi daşary ýurtlardaky maşgala gatnaşyklary hem öz täsirini ýetirip başlana meňzeýär.

Ýapyk gapylar we daşary ýurtlaryň ýetirýän täsiri

Dilde açyk gapylar syýasatyny yglan edendigine garamazdan, Türkmenistan sebitde öz raýatlarynyň hereket azatlyklaryny iň çäklendiren, daşary ýurtlara iň ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýar. Emma söhbetdeşimiz häzir maşgala durmuşynda Türkiýede gören zatlaryndan görelde ýa nusga alyp başlan adamlaryň hem bardygyny aýtdy.

“Daşary ýurduň görüm-göreldesini görüp gelýän çagalaryň pikir-düşünjesi başga indi.Mysal üçin, olaryň arasynda öz ene-atasy hakynda pikir etmeýänleri hem bar.Daşary ýurtda okap ýa işläp ýören çagalaryň içinde men ene-atama, enem-atam maňa borçly däl, her kim öz gününi görmeli diýip pikir edýänleri hem hem bar.

Men şeýle maşgalalaryň birnäçesini tanaýaryn” diýip, ýerli ýaşaýjy özüniň bu üýtgeşiklige geň galýandygyny, düşünip bilmeýändigini belledi.

Ýöne ol Türkmenistanda diňe çagalarynyň pikirini edýän, olaryň gowy ýaşamagy üçin tagalla edýän, bar-ýok girdejisini çagalaryna harçlaýan ene-atalaryň kändigini nygtady. Şonuň bilen bir wagtda-da, söhbetdeşimiz "Eý, bolany bolsun, hudaý berdi, hudaý rysgalyny hem berer” diýip, öňki döwürlerdäki ýaly köp çaga dogurmaga taýýar aýallaryň indi görnetin azalandygyny, munuň diňe ykdysady ýagdaý bilen däl, eýsem aýal-gyzlaryň durmuş, ýasaýyş baradaky pikirleriniň döwre görä özgermegi bilen bagly bolmagynyň hem ähtimaldygyny aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, öňki sowet soýuzynyň iň köp ilatly ýurdy bolan Russiýa Federasiýasynda hem, demografik aladalar bilen baglylykda, aýallary köp çaga dogurmagy höweslendirmek üçin bir topar tagalla edilýär. Emma bu tagallalar öňki SSSR-de, Ikinji jahan urşunyň heniz dowam edýän günlerinden başlap görlen çäreleriň beren netijesi ýaly netije bermeýär.

SSSR-de 1944-njy ýylyň 8-nji iýulynda döredilen "Gahryman ene” medaly 10 we ondan hem kän çagany kemala getiren enelere berilýärdi.Görnüşinden, döwlet köp çagaly maşgalalary hormatlamak bilen bilelikde, göwreli aýallara, köp çaga dogran enelere, ýeke galan enelere berilýän maliýe kömegini ýokarlandyryp, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrýardy. 1944-nji ýylyň tomsundan 1991-nji ýyla çenli, SSSR dargaýança berlen "Gahryman ene” medaly ýurtda 430,000 çemesi aýala berlipdir.

Türkmenistan SSSR-iň 1944-nji ýyla çenli ýüzbe-ýüz bolan uruşlary, açlyklary ýaly agyr heläkçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolmasa-da, synçylaryň pikiriçe, ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda ýüzbe-ýüz bolan ilat meselesini gytaklaýyn tassyklap, 2008-nji ýylda "Gahryman ene" medalynyň nusgasyndaky "Ene mähri" hormatly adyny döretdi.

Ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, bu hormatly at Saparmyrat Nyýazowyň döwründe dogulmadyk çagalaryň öweziniň dolunmagyna kömek etmelidi.

Emma Türkmenistan S.Nyýazow döwründe-de, soňam ýurtdaky ýaşaýyş şertleriniň çaga ölüminiň derejesiniň ýokarlanmagyna, 1990-njy ýyllarda uly meselä öwrülen neşekeşligiň, türmä basylýan erkekleriň we aýallaryň sanynyň aşa köpelmeginiň, işsizligiň we zähmet migrasiýasynyň dogulýan çagalaryň sanynyň azalamagyna ýetiren täsirlerini hiç wagt açyk boýun almady.

Ilat ýazuwynyň resmi netijeleri näme üçin sorag astyna alynýar?

Synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, 1980-nji ýyllarda Türkmenistanda 5-6, 7 çagaly maşgala kändi, emma garaşsyzlyk ýyllarynda köp çagaly maşgalalar kem-kemden azalmaga başlady, häzir 2, 3 çagaly maşgala kän.

Köp çagaly maşgalalaryň has kän döwründe, Ikinji jahan urşundan soň enelere döredilen ýeňillikler arasynda hem ilaty beýle köpelmedik Türkmenistanyň birden ýedi million ilatly bolmagy ynandyryjy däl, sebäbi durmuş agyr, berilýän kömek bolsa az, “Ene mähri” diýen hormatly at kän netije bermedi diýip, Hanamow pikir edýär.

“1979-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri Türkmenistanda şol wagt 2,759 000 adamyň ýaşaýandygyny görkezen bolsa, 1989-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwy ýurduň ilatynyň 3,534 000 adama ýetendigini görkezdi, ýagny 10 ýylda Türkmenistanyň ilaty 775 müň adam köpeldi” diýip, Hanamow Azatlyga ýazmaça beren düşündirişinde aýtdy.

Onuň bellemegine görä, sowet döwründe hem, býujet düzülende Moskwadan köpräk serişde almak üçin, ilat ýazuwynyň netijeleriniň biraz galplaşdyrylan bolmagy mümkin. Ýöne, Türkmenistanyň döwlet üpjünçilik edarasynyň ozalky başlygynyň pikiriçe, ol döwürde ilat sanyny aşa galplaşdyrmak kyndy. "Birinjiden, gorkýardylar, ikinjiden, barlamak aňsatdy.

Her ýylda dogulýan we ölýän adamlaryň sany çap edilerdi” diýip, Hanamow pikirini dowam etdirdi.

“1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň resmi netijelerinde Türkmenistanyň ilatynyň 4,481 000 adama ýetendigi aýdyldy, bu görnetin ulaltmady, artdyryp ýazmakdy. Sebäbi türkmenistanlylar eýýäm şol döwürde ýurdy terk etmäge başlapdylar” diýip, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleriniň aýdylyp bilmezliginiň sebäbini hakyky sanlaryň has az bolmagynda görýändigini aýtdy.

Şeýle-de, öňki diplomatyň pikiriçe, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri barada çap eden maglumaty, şol döwürde ýurtda 4,751,120 adamyň ýaşandygy has ynandyryjy görünýär.

“Ýurduň ilaty 2012-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli, on ýyl wagt içinde, 4,751,120 adam bolanlygyndan nädip 7 057,841-e çenli nädip köpelip biler? Bu ynandyryjy däl” diýip, Nurmuhammet Hanamow Azatlyk radiosyna aýtdy.

Öňden gelýän maşgala gymmatlyklarynyň jemgyýetdäki deňsizlikler esasynda ýüzbe-ýüz bolýan agyr synagy ýurduň orta mekdeplerinde alty ýaşly çagalaryň okuwa ýazylýan wagtynda ýene bir gezek gün tertibine geldi.

“Bu ýyl birinji klasa 2017-nji ýylda doglan çagalar kabul edilýär we, Lebap sebitindäki döwlet edaralarynyň wekilleriniň, bilim ulgamyndaky çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, ýaşaýyş derejesiniň düýpli erbetleşmegi çaga dogluşynyň peselmegine sebäp bolýar” diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.

Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýylda ýurtda bar bolan 1875 mekdebi 82 000 adam gutarypdy. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2009-njy ýylda Türkmenistandaky orta mekdepleri 115 000 okuwçy gutardy. Emma türkmen häkimiýetleri bu uly tapawut barada resmi düşündiriş bermeýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri jemgyýetdäki deňsizlige, eli ýuka maşgalalar bilen gurply ýaşaýan adamlaryň arasyndaky tapawudyň ulalmagyna, köp ene-atanyň çagalaryna okuw esbaplaryny satyn alyp bilmän kösenýän wagtynda uly para berip, çagalary üçin mekdep saýlap ýaryşýan ene-atalar barada çykýan habarlara göz ýumýar.

Emma bu häkimiýetleriň ozalky maşgala gymmatlyklaryndan ýüz öwürýän adamlaryň köpelýändigini bilmeýändigini ýa-da bu mesele barada alada etmeýändigini asla aňlatmaýar.Bir-birinden habarsyz birnäçe synçynyň tassyklamagyna görä, metbugatda maşgala we jemgyýetdäki gymmatlyklar barada edilýän wagyzlar, şol sanda gyz-gelinleriň gözellik salonlaryna, özüni aşa bezeýän aýal-gyzlara garşy alnyp barylýan kampaniýa ozalky maşgala gymmatlyklaryna bolan garaýyşlaryň görnetin üýtgemeginden edilýän uly howatyr, şol bir wagtda-da çäresizlik bilen bagly bolup görünýär.

Bu çäresizlik metbugatda köplenç ene-atalaryň borçlarynyň ýatladylmagynda, emma maşgala gazanjy, işsizlik ýa-da az aýlyklar, garyplyk we korrupsiýa barada berk dymylmagynda görünýär.

“Ata-eneler çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we şol bir wagtda hem borçludyrlar” diýip, Mary welaýat prokuraturasynyň işgäri, 2-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowanyň birnäçe ýyl mundan öň çap edilen makalasynda Baş kanundan mysal getirilýär.

Emma ýurduň prokuratura edaralarynda-da, beýleki guramalarynda hem, düşündiriş sorap jaň etseň ýa-da hat ýazsaň, ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüzbe bolýan kynçylyklarynyň sebäpleri barada hiç bir anyk düşündiriş alyp bolmaýar.

Bu ýagdaý, hususan-da jemgyýetdäki berk ýapyklyk we gözegçilik praktikasy, adamlaryň wakumda saklanan valy saklanyljak bolunmagy maşgala gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna däl, ýitirilmegine hyzmat edýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, türkmen jemgyýetindäki özgerişlikler, hususan-da maşgala gymmatlyklary düşünjesi ýa-da maşgala gatnaşyklary, şol sanda çaga sany babatynda bolup geçen üýtgeşmeler öňräkden, sowet ýyllaryndan bäri dowam edýär.

“Metbugatda açyk gürrüň edilmese-de, adamlar öz durmuşlarynda, jemgyýetde bolýan zatlar barada mydama özara pikir alyşýarlar.Mysal üçin, 1980-nji ýyllarda ýaşlaryň arasynda zato dengi ýest’ pelsepesi açyk öňe çykyp başlady.

Okajak bolsaň, hukuk fakultetine, medisina institutyna girmeli, bu okuw jaýlaryny gutaranlaryň daşyndan gowy, dowamly girdejisi bolýar’ diýen gürrüňler köp edilýärdi.Zawmag, magazin müdiri bolmaly, bolmanda GAI-de, ýol gözegçiligi polisiýasynda işlemeli, eliňe ala taýak alyp, köçede dursaň, maşyny saklanan ýaşuly adamlaram gelip, inim’ diýmäge derek, agam, ýaşuly’ diýip salam berýär diýýärdiler.”

Synçynyň tassyklamagyna görä, 1980-nji ýyllaryň studentleriniň arasynda, hemişe açyk aýdylmasa-da, metbugatda aýdylýan zatlar kolhoznikler üçin, şäherliler üçin däl’ diýen düşünje bolan bolsa, 1990-njy ýyllaryň başynda studentler şedro’, ýagny jomart, bol-elin ýaşajak bolmaly, özüň üçin ýaşamaly’ diýen pikiri köp aýdyp başlapdyrlar.

“Sowet ýyllarynda ýolbaşçy işde işleýän erkekler kurort ýerlere gidip, nikadan daşary jynsy gatnaşyk etse we bu barada öwnüp gürrüň berse, adaty, bolmaly zat ýaly görlerdi.Indi öz islän adamy bilen has erkin gatnaşyk gurmak isleýän we bu barada öz deň-duşlarynyň arasynda açyk gürrüň edýän aýallar hem bar, ozal beýle pikir edýän aýallar bolsa-da, öz pikirini daşyna çykarýan zenanlar tas ýok diýerlikdi” diýip, synçy aýtdy.

“Ozallar esasan är-aýal maşgala keşigini deň çekmeli, çagalary üçin ýaşamaly diýen düşünje bardy.Emma 1990-njy ýyllarda köpelip başlan işsizlik, ýanýoldaşlaryny polisiýa eden-etdiliginden gorajak bolup, maşgala eklenjini öz üstüne alan aýallaryň köpelmegi, erkekleriň arasynda neşekeşleriň, arakhorlaryň, türmä basylýanlaryň köpelmegi, syýasy-ykdysady we sosial adalatsyzlyklar, jogapkär wezipeleri eýelän adamlaryň we olaryň çagalarynyň eýe bolan artykmaçlyklary il içinde öňden gelýän kanagatlylyk, sabyrlylyk düşünjelerine palta salýar, ýakyn adamlar hem bir-birine ynanmýar, halk gözümiziň alnynda üýtgeýär” diýip, synçy bu meseleleriň jemgyýetçilikde has giň we töwerekleýin, açyk maslahatlaşylmalydygyny nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmençilik näme ýa-da däp-dessurlar nädip propagandanyň esasy guralyna öwrüldi?
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy'
Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär