30-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň we halkyň has-da ýakynlaşmagy, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň giňden wagyz edilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigi üçin Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.Abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy we sebitleýin derejedäki halkara başlangyçlara hem-de tekliplere ikitaraplaýyn goldaw berilýändigi munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň möhüm orna eýe bolan Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalarydygyny aýratyn bellemeli.