AÇYK GAPYLAR SYÝASATYNA EÝERIP

7-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.

Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynda (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen dagy gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny, Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlyk, ykdysady ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly işjeň pikir alşyldy.

Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini hem-de şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.

Owganystan bilen bilelikde bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişligi emele getirýän we bu ýurt bilen köpasyrlyk taryhy, medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny aýratyn nygtaldy. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ynsanperwer goldaw arkaly mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýär.

Taraplar sebitdäki ýagdaý boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler we anyk teklipler boýunça pikir alyşdylar.Türkmen tarapy şeýle hem sebit we halkara giňişlikde syýasy hem-de diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi goldamak bilen, bu ugurda BMG-niň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň we halklaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy gurallaryny öz şygarynda beýan edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Owganystan boýunça tagallalar birleşdirilýär
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER
Merkezi Aziýanyň döwletleri Owganystanda howpsuzlygy pugtalandyrmagy maslahatlaşýarlar
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi