AÇL ― 2: Altyn asyryň saýlama tapgyrdaky garşydaşy belli boldy

AÇL ― 2: Altyn asyryň saýlama tapgyrdaky garşydaşy belli boldy

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2023-iň kümüş medalynyň eýesi ― Aşgabadyň Altyn asyry öňde duran möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama tapgyryndan ýaryşyp başlar. Bu tapgyrda Altyn asyryň garşydaşy Hindistanyň Ist-Bengal topary bolar.

Iki toparyň arasyndaky saýlama duşuşygy 14-nji awgust güni Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Selt-Leýk stadionynda geçiriler. Duşuşykda ýeňiş gazanan topar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna goşulsa, utulan topar AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýoluny dowam etdirer.

1920-nji ýylda Kalkutta şäherinde esaslandyrylan Ist-Bengal Hindistanyň iň gadymy klublarynyň biridir. Topar häzirki wagtda Hindistanyň çempionatynyň iň ýokarky dwiziony bolan Superligada çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Altyn asyr AFK-nyň Çempiuonlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
Altyn asyr AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
Arkadag futbol kluby ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň toparyndan üstün çykdy
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär