AÇL ― 2: Altyn Asyryň duşuşyklarynyň senenamasy kesgitlenildi

AÇL ― 2: Altyn Asyryň duşuşyklarynyň senenamasy kesgitlenildi

Aşgabadyň Altyn Asyr futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki duşuşyklarynyň tertibi belli boldy.Oňa görä, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ilkinji duşuşygyny 18-nji sentýabrda AFK-nyň kubogynyň 2018-nji ýyldaky finalynda duşuşan garşydaşy Yragyň Eýr Fors topary bilen myhmançylykda geçirerler.

Toparyň Aşgabatdaky ilkinji duşuşygy bolsa 2-nji oktýabrda Bahreýniň Al-Haldiýa topary bilen bolar.Altyn Asyr alty duşuşykdan ybarat tapgyry 4-nji dekabrda hut şu topar bilen myhmançylykda geçirjek duşuşygy arkaly tamamlar diýip, "Janköýer" habar berýär.

Altyn Asyr futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki duşuşyklarynyň tertibi:

18.09.2024ý., I tapgyr:

Eýr Fors (Yrak) ― Altyn asyr (Türkmenistan);

02.10.2024ý., II tapgyr:

Altyn Asyr (Türkmenistan) ― Al-Haldiýa (Bahreýn);

23.10.2024ý., III tapgyr:

Al-Taawun (Saud Arabystany) ― Altyn Asyr (Türkmenistan)

06.11.2024ý., IV tapgyr:

Altyn Asyr (Türkmenistan) ― Al-Taawun (Saud Arabystany);

27.11.2024ý., V tapgyr:

Altyn Asyr (Türkmenistan) ― Eýr Fors (Yrak);

04.12.2024ý., VI tapgyr:

Al-Haldiýa (Bahreýn) ― Altyn Asyr (Türkmenistan).

Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde her toparçadan iki wekil ýaryşyň 1/8 finalyna çykmaga hukuk gazanar.

Ýene degişli makalalar

16-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Altyn asyryň AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-däki garşydaşlary belli boldy
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýewro-2020: Angliýa - Şotlandiýa we Horwatiýa - Çehiýa deňme-deň oýnady, Şwesiýa Slowakiýany ýeňdi
115-nji Britan derbisinde gol ýok