Acer, Asus, Lenovo we MSI kompaniýalaryna gadaganlyk howp salýar

Acer, Asus, Lenovo we MSI kompaniýalaryna gadaganlyk howp salýar

Amerikanyň VideoLabs kompaniýasy kompýuter we noutbuk öndüriji Aziýa kompaniýalarynyň birtoparyna patent almak düzgünbozmalary babatda aýyplama bildirdi we ABŞ-nyň Halkara söwdasy barada komissiýasyndan (ITC) olaryň önümleriniň ABŞ-nyň çägine getirilmegine gadaganlyk girizmegi talap edýär.

Bu barada habar С-News saýtynda peýda boldy.Ady agzalan kompaniýa Acer, Asus, MSI, Lenovo we Motorola Mobility brendlerine nägilelik bildirýär diýlip habarda bellenýär.Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

VideoLabs kompaniýasynyň ýüztutmasynyň sebäbi aziýaly önüm öndürijiler tarapyndan amerikan kompaniýasyna degişli bolan grafiki prosessorlar üçin wideosignalyň işlenilmegi boýunça patentiň düzgünleriniň bozulmagyna degişli bolup durýar. VideoLabs bu boýunça şikaýatyny ITC-e 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda ýollapdyr. Aradan bir aý geçensoň, edaranyň saýtynda bu şikaýat bilen bagly derňew işleriniň başlanandygy habar berildi.

VideoLabs 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Ol döredileninden bäri ýeke önümem öndürmedi, emma IT-läheňleriň intellektual emläk boýunça obýektlerini işjeň satyn alýar we olary ulanmak hukugyny beýleki guramalara satýar ýa-da patentler bozulan halatynda öweztölegini almak maksady bilen, kazyýet seljerişliklerini gozgaýar.

Öň bu kompaniýa Amazon, Dell, Netflix ýaly meşhur tehnologik läheňlere hem şeýle mazmunda nägilelik bildiripdi.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy
2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony
Türkmentel 2024: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
“CES 2019”: geljegiň tehnologiýasynyň duşuşýan ýeri