Aç ýaşaýjylar Nyýazowyň dolandyryşyny küýseýär’

Aç ýaşaýjylar Nyýazowyň dolandyryşyny küýseýär’

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti, özüni “Türkmenbaşy” diýip atlandyran, öňki sowet giňişliginde “ömürlik prezident” bolmagyň nusgasyny goýan Saparmyrat Nyýazowyň ýogalanyna şu gün 17 ýyl boldy. Resmi Aşgabadyň maglumatyna görä, ol 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda, tarpa-taýyn aradan çykdy. Ýurtda dörän agyr ykdysady ýagdaý onuň 'ýagşylykda' ýatlanmagyna sebäp bolýar.

Azatlygyň ýerli habarçysy ýönekeý adamlaryň arasynda Nyýazowy ýagşylykda ýatlaýan raýatlaryň az däldigini habar berýär. Mundan öňki ýyllarda hem, ýogalan gününe gabat, ony “Mähriban atamyz” diýip ýatlaýan, suratlaryny, wideolaryny, goşgularyny paýlaşýan adamlar bolardy. Ýöne bu ýyl, golaýda Aşgabatda bolan ýewropaly türkmeniň maglumatyna görä, ýurtdaky garyplygyň we korrupsiýanyň ýagdaýy adamlary has kän alada goýýana meňzeýär.

“Bu ýagdaý Nyýazow bilen Berdimuhamedowyň barha kän deňeşdirilmegine, ilkinji prezidentiň has gowy ýolbaşçy bolup görünmegine getirýän ýaly. Üstesine, häzirki hökümetdäki korrupsiýa, parahorluk barada çykýan habarlar hem adamlary öňki we häzirki ýolbaşçylary deňeşdirmäge mejbur edýär, sebäbi bu agyr ýagdaýyň we çykalgasyzlygyň täsiri indi barha kän hojalykda duýulýar ” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýewropaly türkmen aýtdy.

“IMO-da Saparmyrat Nyýazowyň ...suratlary paýlaşylýar, adamlar [ony] gowy sözler bilen ýatlaýarlar, türkmeniň garaşsyzlyk taryhyndaky iň oňat ýolbaşçy, halky, daýhany baýadan adam’ diýip ýatlaýarlar; Balkanabatda gurply adamlar ýygnanyşyp, 21-nji dekabrda ilkinji prezidentiň hatyrasyna sadaka bermegi meýilleşdirýärler” diýip, habarçymyz 20-nji dekabrda habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatda ilkinji prezidentiň ýogalan senesi ýatlanmaýar, ikinji prezident ony öňki ýyllarda birki gezek hatyralan hem bolsa, hakykatda dowamly denyýazowlaşdyrma syýasatyny alyp bardy we öz adyndan has kän kitap çykardyp, aýdymçy we dijeý bolup, çeper döredijilikde öňki “şa şahyrdan” hem has öňe saýlandy.

Pikirini paýlaşýan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ikinji prezidentiň häkimiýet başyna geleninden soň açylan üýtgeşik talantlary’ türkmen halkyna örän gymmat düşdi.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy ýurt başyna “Arkadag gelip, doýagarna nahar iýeniniň ýadyna düşmeýändigini” aýtdy.

“Nyýazow döwründe 50 kg un 16 manatdandy, 1 kg şeker 1 manada ýetmezdi, häzir 50 kg un 600 manat, 1 kg şeker 25 manat, puldaky inflýasiýa we işsizlik, daýhanlaryň barha beter gysylmagy Saparmyrat Nýazowyň gowulykda ýatlamagyna sebäp bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi pikirini dowam etdirdi.

“Berdimuhamedow işleýän daýhana pul bermän, [häkimiýete gelen] ilkinji gününden aýdymçylara, özüni öwen şahyrlara pul berdi, at-dereje paýlady, tonnalap bugdaý, pagta ýetişdiren daýhanlar garyp düşdi, walýutanyň durnuksyzlygy hem uly Berdimuhamedowyň ýakynlarynyň bähbidine hyzmat etdi” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Ýaşaýjy Nyýazow döwründe hem “iki kurs’ oýnunyň oýnalandygyny we munuň emeldarlaryň bähbidine bolandygyny, birinji prezidentiň bu syýasaty’ öz bähbidine ulanandygyny aýdyp, şol bir wagtda-da onuň halkyň bähbidini arandygyny’ öňe sürýär.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar birinji we ikinji prezidentleriň döwründäki ýaşaýyş, durmuş şertlerini deňeşdirip, biri-birlerinden habarsyz, häzirki hökümetde diňe Berdimuhamedowlaryň bähbidiniň ileri tutulýandygyny aýtdylar.

Raýatlaryň käbiriniň pikirine görä, “Nyýazow tä diktator ýoluny saýlap alýança, 1997-nji ýyla çenli, hakyky watan söýüji, halkyň aladasyny ýürekden edip gelen [ýolbaşçy]” bolupdyr.

“Adamlar Türkmenbaşyny Berdimuhamedowdan sähel gowy bolany üçin gowy sözler bilen ýatlaýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň pikiriçe, ol ýa-da beýleki edara bellenen täze ýolbaşçy öňkülerden has gowy bolmasa, öňki ýolbaşçylar hemişe diýen ýaly gowulykda ýatlanýar.

“Türkmenistan Nyýazowdan hem erbet diktatory garşy almaly boldy, şol sebäpden Nyýazow halk üçin iň gowy patyşa bolup görünýär” diýip, ol aýtdy.

Bu pikir bilen Azatlygyň beýleki söhbetdeşleri hem ylalaşýar. Olar uly Berdimuhamedowyň gelen gününden öz bähbidini halk bähbidinden ýokarda goýandygyny, işe, okuwa girmegiň parasynyň Türkmenbaşy döwründäki bilen deňeşdirer ýaly bolmandygyny, gerekmejek gurluşyklara harçlanan milliardlarça döwlet serişdeleriniň fonunda etrap, oba ýerlerindäki infrastrukturanyň tozandygyny, suw, gaz, elektrik üpjünçiliginiň juda ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

“Nyýazow döwründe çetki obalarda elektrik togy bir sagat kesilse, şikaýat edip, prezidente ýetirip bilseň, poçta ýa-da daşary ýurt metbugaty arkaly, tapawudy ýok, mesele derrew çözülerdi. Häzir Berdimuhamedowlar bu problemalary eşidip, bilip otursalar hem, mesele çözülmeýär, bu Nyýazowyň ýagşylykda ýatlanmagyna esas bolýan esasy ýagdaý bolsa gerek" diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Nyýazow öz döwründe metbugaty şahsyýet kultuny döretmek, beýleki ýolbaşçylary günäkärlemek üçin gaty gowy’ ulanýardy we hakykatda häzirki bir partiýa däl, eýsem bir adam dolandyryşynyň esaslaryny goýupdy. Şeýle-de, sowet-partiýa mekdebindäki tejribeleri, wada bermek ussatlygy, rola girip gürlemegi başarmagy oňa ynanýan ýa-da ynanasy gelýän adamlaryň sanyny köpeldýärdi.

Mysal üçin, ol Merkezi bankdan ogurlanan millionlarça dollaryň tapyljakdygy hakyndaky wadasy ýaly, köp, ýöne hiç wagt soňy gelmedik wadalary beripdi.

Synçylaryň we öz wagtynda bile işleşen öňki emeldarlaryň tassyklamagyna görä, Nyýazow il ýüzüne bir zat aýdýardy, iş ýüzünde bolsa düýpden başga hereket edýärdi.Golaýda, türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen söhbetdeşlikde aýdylmagyna görä, ol daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň getirýän girdejisiniň diňe prezidentiň gözegçiliginde saklanmagynyň we halka hasabat bermezden harçlanmagynyň, maliýe pudagyndaky ýapyklygyň hem-de manadyň çökmeginiň esaslaryny goýupdyr.

Ilkinji prezident bilen işleşen we ony ýakyndan tanaýan Nurmuhammet Hanamow hem Nyýazowyň ikiýüzli adam bolandygyny, hatda bir gezek çagalykda gören görgüleri üçin' halkdan kine saklaýandygyny hem dilinden sypdyrandygyny, 'indi nähili ýaşaýanyňyzy görersiňiz' diýendigini gürrüň berdi.

Nyýazowyň yglan eden täze oba syýasaty, mekdeplerde we ÝOJ-larda okuw ýyllaryny gysgaltmak esasynda geçiren bilim reformasy, müňlerçe saglyk işgäriniň işini ýitirmegine, tejribeli lukmanlaryň daşary ýurtlara gitmegine getiren saglyk reformasy, gartaşan adamlara uly zarba uran pensiýa reformasy, daşary daşary ýurtly işewürler bilen ýola goýan ýapyk, köp sorag döreden iş we töleg praktikasy, kanunçylyk, medeniýet, metbugat ugurlaryndaky ýykgynçylykly syýasatlary’ halkyň ýyl-ýyldan garyp düşmeginiň, sowatsyzlaşmagynyň, saglygyny, we döwlet ýolbaşçylaryna ynamyny ýitirmeginiň...

esaslaryny goýdy, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýoly’ öz derejesinde dowam etdirdi, işsizleriň, türmä düşýänleriň, bozulýan maşgalalaryň, ýetim galýan çagalaryň sany azalmady diýip, Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Ýaşlar gazabyny bir-birinden çykarýarlar'. Aşgabatda ýene-de köçe urşy boldy
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Päk Nesil okuw merkezi tomus möwsüminde arzanladyş hödürleýär
Mekdep gyzlary mata almaga mejbur edýär, bezegçiler 'mugt hyzmat' çäresini geçirýär
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär