Abunaçylarynyň sany artdy

Soňky ýyllarda onlaýn aýdym-saz diňlemäge mümkinçilik berýän platformalary sany barha artýar. Şeýle bolansoň, bu platformalaryň arasyndaky bäsdeşlik hem ýitileşýär.Bu ugurda ilkinjileriň hatarynda peýda bolan “Spotify” we “YouTube Music” ýaly saýtlar bolan bolsa, indi “Netflix”, “Disney+”, “PlayStation Plus” ýaly has köp platforma hereket edýär. Şeýle-de bolsa, “YouTube Music”-iň tölegli hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany artypdyr.

Maglumatlara görä, “YouTube Music” we “YouTube Premium”-yň abunalarynyň jemi sany 80 milliona ýetipdir.Bu bolsa, abunaçylarynyň sanynyň diňe bir ýylyň dowamynda 30 milliona golaý köpelendigini görkezýär.

Kompaniýa 80 million abunaçynyň näçeräginiň “Premium”, näçeräginiň “Music” abunaçysydygy barada maglumat bermedi.

Şanazar Nazarmuhambetow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Netflix 300 işgärini işden çykarýar
“Netflix”-iň abunaçylary artýar
“Hollywood”-yň iň gadymy 2-nji studiýasy “Skydance Media” bilen birleşýär
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
BTS Disney üçin topar barada dokumental serialyň üstünde işleýär