Abu-Dabide ýangyç guýujy robot peýda boldy

Abu-Dabide ýangyç guýujy robot peýda boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyndaky ýangyç guýujy beketleriň birinde robot-ýangyç guýujy peýda boldy diýip, 24KZ habar berdi.

Emeli aňy ulanmak arkaly işleýän enjamy ýerli oýlap tapyjylaryň biri döretdi. Ony häzir synag hökmünde işe goýberdiler. Robot ýörite wideokameralar we hereket duýduryjylary bilen enjamlaşdyrylan, ol ulaga adamyň kömegi bolmazdan, ýangyç guýýar hem-de ýangyjyň dökülmegine ýol bermeýär.

Enjamy oýlap tapyjylaryň sözlerine görä, täze tehnologiýa ýangyç guýmak işini awtomatlaşdyrmaga hem-de awtoulag eýeleriniň garaşmagyny azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Tennis oýnaýan robot
Ýaponiýada iýmit eltip berme hyzmatyny edýän robot işläp başlar
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Robot Rubigiň kubigini ýygnamakda täze rekord goýdy
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary plastikany gaýtadan işlemek üçin ýeňillik we bonus alyp bilerler