Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça global forum geçirilýär.
Bu forum ösýän bazarlarda durnukly ykdysady ösüşi goldamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirän Nielsonsmith kompaniýasy bilen bilen bilelikde guraldy.
Bu çäre Türkmenistanda eýýäm iş alyp barýan ýa-da ýurduň işewürlik mümkinçilikleri barada has köp zat öwrenmek, ýokary wezipeli ýolbaşçylar, hökümet we hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşmak hem-de ýakyn aragatnaşyk gurmak isleýän kompaniýalara niýetlenilendir.
Forum ADIPEC halkara nebitgaz sergisinden we maslahatyndan soňra dessine öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda BP, Auguste Energy, Buried Hill, Mitro we Çalik Enerji ýaly kompaniýalaryň atlary bar.
Forum ertir öz işini tamamlaýar.